MILLI MIRASYM-KÖŇÜL BUÝSANJYM


MILLI MIRASYM-KÖŇÜL BUÝSANJYM

«Halkara–parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzda» Türkmen halkynyň milli mirasyny medeni we ruhy gymmatlyklaryny öwrenmekde we ýaşlaryň arasynda wagyz etmekde muzeý hünärmenleri tutanýerli zähmet çekýärler. Muzeýimizde ýaşlary millilik ruhunda terbiýelemek maksady bilen, şeýle-de olara türkmen halkynyň milli mirasyny däp-dessurlaryny, milli medeniýetini öwretmekde, biziň ata-babalarymyzdan saklanyp galan birnäçe muzeý gymmatlyklarymyz ýaşlarymyzda uly gyzyklanma döredýär. Milli gymmatlyklarymyzyň üsti bilen ýaşlarymyzda mirasymyza söýgi döretmek, olary geljekki nesillere ýetirmekde we wagyz etmekde muzeýleriň ähmiýeti uludyr.

Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine Türkmenabat şäherinde ýerleşýän ýokary okuw jaýynyň hem-de birnäçe orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary ýygy-ýygydan gezelençde bolýarlar. Olara muzeý hünärmenleri tarapyndan milli mirasymyzyň her biriniň aýratynlygy, özboluşlygy, taryhy, durmuşda ulanylşy baradaky gyzykly gürrüňler berilýär. Şeýle täsirli gezelençleriň biri Lebap welaýat Maliýe ykdysady - orta hünär mekdebiniň talyplarynyň gatnaşmagynda gurnaldy. Olar gezelenjiň dowamynda ýurdumyzyň ösüşleri, arheologiki ýadygärlikleri we tapyndylary, türkmen halkynyň milli egin-eşikleri, şaý-sepleri, ülkämiziň gözel tebigaty we haýwanat dünýäsi, şekillendiriş sungatynyň eserleri bilen ýakyndan tanyşdylar.

Ösüp gelýän ýaşlarymyzy millilik ruhunda terbiýelemekde, olara milli mirasymyzy wagyz etmekde ähli mümkinçilikleri,şertleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri, parahatçylygyň beýik taglymatçysy Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys. Goý Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag ,belent başlary aman bolsun, tutýan tutumly işleri uly rowaçlyklara beslensin.