TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GAHRYMAN ARKADAGYMYZ ARKADAG ŞÄHERINE IŞ SAPARYNY AMALA AŞYRDY


TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GAHRYMAN ARKADAGYMYZ ARKADAG ŞÄHERINE IŞ SAPARYNY AMALA AŞYRDY

16-njy aprelda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidentleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda alnyp barylýan işler geljegimiz bolan çagalaryň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine, olar üçin ähli zerur şertleriň döredilmegine gönükdirilýär. Bu ugurda Milli Liderimiziň başyny başlan işleri hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýär.

...Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Arkadag şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyna geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy gaznanyň wise-prezidentleri mähirli garşyladylar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň edara binasynda gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewanyň we wise-prezidenti R.Bazarowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda häzirki döwürde gazna tarapyndan alnyp barylýan işler we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. R.Bazarow, ilki bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň hormatly doktory akademiki derejesiniň berilmegi hem-de degişli diplomyň gowşurylmagy mynasybetli Arkadagly Gahryman Serdarymyzy we Gahryman Arkadagymyzy gutlady. Şeýle-de ol ýakynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli guralan dabaralaryň, şanly senäniň hormatyna halkara forumyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilendigi barada hasabat berdi.

«Türkmenistan» gazeti