KITAP RUHY HAZYNA


KITAP RUHY HAZYNA

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň gelmeginde «Kitap ruhy hazyna» ady bilen gezelenç geçirildi.

Kitap adamzat durmuşynyň deňsiz-taýsyz gymmatlygy, gaýtalanmajak oýlap tapmasydyr. Biziň ata-babalarymyz kitaba aýratyn hormat goýupdyrlar. Muny biziň nusgawy edebiýatymyzyň naýbaşy eserleriniň üsti bilen hem aýdyň görüp bilýäris. Kitaba bolan hormat diňe bir biziň türkmen halkymyzda bolman, eýsem ol dünýäniň ähli künjeginde ähli halklar tarapyndan aýratyn sarpalanýan gymmatlyklaryň hataryna girýändir. Şular esasynda hem Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasyna gelen her bir talyp ýaşlarymyza bu ajaýyp kitaphananyň içiniň aýratynlyklary bilen dürli pudaklara degişli kitaplarymyz bilen hem-de kitap sergilerimiz bilen giňişleýin tanyşdyryldy.

Gezelenjiň ahyrynda geljegimiz bolan ýaş nesilleri Milli Watançylyk ruhunda terbiýelemekde gymmatly eserleri halkymyza peşgeş edýän, ylym-bilimi ösdürmekde giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!