«TÜRKMENIŇ UÇAR GANATY-BEDEW ATYM» TÜRKMEN BEDEWINIŇ MILLI BAÝRAMY
Balkan welaýat kitaphanasynda Balkan welaýat kitaphanasy, Balkan welaýat çagalar sungat mekdebi bilen bilelikde türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanyp «Türkmeniň uçar ganaty-bedew atym» ady bilen edebi-sazly çäre geçirildi.
Türkmen bedewi adamzat medeniýetiniň aýrylmaz bölegi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty has belende galdy. Ahalteke bedewi-eýýamlaryň bedewi. Watançylyk duýgusynyň beýikligi, bedew atlar şol beýiklikdäki ýyldyzlar. Bedewlerimiz durmuşymyzyň şatlygydyr, mertebeli ýaşamagyň güýji bedewlerimizdedir. Çünki ady äleme dolan şöhratly ahalteke bedewleriniň taryhyny täzeden gaýtalamak aňsat başa barmaýar. Şonuň üçinem biz bu milli baýlygymyzyň gymmatyny gorap saklamagyň örän derwaýysdygyna ähmiýet berýäris.
Gözelligi, ýyndamlygy, wepalylygy bilen haýran galdyrýan bedewler türkmen gerçeginiň müdimi ýaranydyr. Edebi-sazly çärede kitaphananyň hünärmenleri şular dogrusynda çykyş etdiler.
Çäräniň dowamynda Balkan welaýat çagalar sungat mekdebiniň bagşyçylyk sungaty bölüminiň okuwçylarynyň çykyşlary diňlenildi. Nakgaş bölüminiň okuwçylarynyň surat sergisi gurnaldy. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
