SUNGATDA WE ÇEPER DÖREDIJILIKDE ÝAŞLARYŇ YLMY GÖZLEGLERI
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly mynasybetli “Sazyň taryhy” kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde “Sungatda we çeper döredijilikde ýaşlaryň ylmy gözlegleri” atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Bu maslahata ýurdumyzyň medeniýet ugurly ýokary okuw jaýlarynyň, mekdepleriniň ýaş alymlary, talyplary we ýaş mugallymlar gatnaşdylar.
Geçirilen maslahatda dünýä halklarynyň arasynda dost-doganlyk köprüsini gurnaýan dünýä sazynyň baý çeşmelerine we halk aýdym-sazlaryna bagyşlanan çykyşlar edildi. Maslahaty “Sazyň taryhy” kafedrasynyň uly mugallymy Bahargül Ýakubowa alyp bardy.


Maslahatda esasan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” hünäriniň 4-nji ýyl talyplary çykyş etdiler. Çykyşlar esasan türkmen we dünýä halklarynyň halk saz döredijiligine degişli boldy. Olar özleriniň taýýarlan çykyşlarynda audio we wideo ýazgylar bilen bezelen prezentasiýalaryny görkezmek bilen çärä has hem üýtgeşik öwüşgin berdi. Türkmeniň “Çapak tansy”, Özbekleriň toý däp-dessurlary, dagystanlylaryň hüwdi aýdyşlary, Aziýa halklarynyň Nowruz baýramçylygyny belleýşi, Kawkaz halklarynyň tanslarynyň wideo şekilleriniň görkezilmegi diňleýjilerde uly täsir galdyrdy. Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň welaýatlaryndan we Arkadag şäherinden gelen myhmanlar hem çykyş etdiler.
Şeýle ylmy-amaly maslahatlaryň, ajaýyp konsertleriň, bäsleşikleriň geçirilip durmagy biz talyp ýaşlara zehinlerimizi açyp görkezmäge uly mümkinçilik bolup durýar. Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza şeýle mümkinçilikleri döredip berýänligi üçin olaryň janlarynyň sag, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaç bolmagyny arzuw etdiler.