TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI


TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI

18-nji aprelda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli parlamentiň alyp barýan işleri barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 12-nji aprelinde Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň sekizinji maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda kazyýet edaralarynyň işini kämilleşdirmek we ýük markalary hakynda halkara Konwensiýa degişli Teswirnama goşulmak bilen bagly kanunlaryň taslamalaryna garaldy. Şunuň bilen birlikde, jenaýat we jenaýat iş ýörediş kadalaryny döwrebaplaşdyrmak, kazyýetde raýat iş ýörediş düzgünleri amala aşyrylanda, arbitraž, zähmet, maşgala, salgyt bilen baglanyşykly işlere garalanda adalgalaryň ulanylyşynyň birkysmy sazlaşygyny emele getirmek, şeýle hem ýubileý medaly, administratiw önümçilik, awtomobil ulagy, migrasiýa boýunça kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça kanun taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy we kabul edildi. Şeýle-de maslahatda Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil-Adalatçynyň maglumaty diňlenildi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň kanunçylygyny häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek işlerini mundan beýläk-de dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň aprel aýynda Arkadag şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumyny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, çärä gurama agza ýurtlaryň döwlet edaralarynyň, halkara guramalaryň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyňdyr wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Forumyň esasy maksady YHG-nyň sebitinde durnukly ösüş ugrunda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini amala aşyrmakda hyzmatdaşlygy ilerletmekden ybaratdyr. Çäräniň dowamynda Durnukly ösüş maksatlarynyň wezipelerini çözmegiň ýollaryna garalar, şeýle hem gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek üçin hemmetaraplaýyn we durnukly strategiýalary ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar. Duşuşygyň netijeleri boýunça Jemleýji resminamany kabul etmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen ýola goýlan gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere Arkadag şäherinde guraljak Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumyna gowy taýýarlyk görmegi hem-de ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

«Türkmenistan» gazeti