BEDEW BAÝRAMÇYLYGY MYNASYBETLI
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzdan miras galan asylly däplerimizi tutuş Ýer ýüzüne ýaýmakda dünýä nusgalyk işler alnyp barylýar. Şeýle däpleriň biri-de türkmen ahalteke bedewleriniň şöhratyny artdyrmak, arassa ganly tohum atlarynyň sanyny köpeltmek, atçylyk sportyny ösdürmek, bedewlerimizi dünýä derejesine çykarmak baradaky işlerdir. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Medeni miras» atly gepleşigiň täze sany ýazgy edildi. Muzeýiň baş gaznalary goraýjysy Mähri Atdaýewa, esasy hünärmeni Aýjemal Gatyýewa, esasy hünärmeni Aýgözel Ataýewa, Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky Çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymy Ogulgül Nurlyýewanyň çykyş etmeklerinde ýazgy edilen bu gepleşik türkmen milli ýörelgelerimiziň dowamatynyň dowam bolýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de olar ýurdumyzda atçylyk däplerimiziň goralmagy we ösdürilmegi ugrunda irginsiz aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny hem-de il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işleriniň rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.