ÜSTÜNLIKLI TAMAMLANAN HEPDELIK


ÜSTÜNLIKLI TAMAMLANAN HEPDELIK

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Sazyň taryhy” kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde geçirilen Ç.Nurymowyň 85 ýyllygyna bagyşlanan leksiýa, “Türkmen mukamlary Orta Aziýa žanrlarynyň hatarynda” we “Karl Orfyň sazly teatry” atly açyk sapaklar şeýle-de “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly mynasybetli “Sungatda we çeper döredijilikde ýaşlaryň ylmy gözlegleri” atly ylmy-amaly maslahaty has-da giň mazmunly boldy.

“Sazyň taryhy” kafedrasynyň uly mugallymy T.Litwinanyň Ç.Nurymowyň 85 ýyllygyna bagyşlanan leksiýasy özboluşly sapaklaryň biri boldy. Türkmenistanyň halk artisti, “Watana bolan söýgüsi üçin” medalynyň eýesi Ç.Nurymowyň eserleriniň aýratyn dili, dünýägaraýşy bilen tapawutlanýandygyny we türkmen aýdym-saz sungatyny ösdürmekde bitiren işleri dogrusynda eden giňişleýin, çuň mazmunly leksiýasyny talyp ýaşlar uly dykgat bilen diňlediler.

“Karl Orfyň sazly teatry” atly açyk sapakda şol kafedranyň uly mugallymy G.Gurbandurdyýewiň sazly we drama teatrlarynyň ýokary derejede ýakynlaşdyrylmagyna esaslanan sazly-drama oýnunyň görnüşini dörediji, nemes kompozitory Karl Orfyň sazly teatry dogrusynda gyzykly maglumatlary talyp ýaşlaryň ünsüni özüne çekdi. G.Gurbandurdyýew kompozitoryň sazly teatra girizen aýratynlyklary, ýagny orkestri adaty düzümden dürli saz gurallardan düzülen ansambllar bilen çalşyşy ýaly, K.Orfyň özboluşly teatr žanryny döredişi hakynda mazmunly çykyşyny prezentasiýa arkaly suratlaryň, teatr sahnasynda goýulan dürli žanrlardaky eserlerden parçalary görkezmek bilen dowam etdi. Talyp ýaşlar Karl Orfyň sazly teatr sungaty barada giňişleýin, baý maglumatlar bilen tanyşdylar.

Şol kafedranyň mugallym-öwrenijisi G.Döwletowa “Türkmen mukamlary Orta Aziýa žanrlarynyň hatarynda” atly açyk sapagynda kämil we ýörgünli žanrlaryň biri bolan türkmen mukamlary, olary ýerine ýetiren ussatlar hakynda täsirli çykyşy talyp ýaşlaryň dykgatyna ýetirdi.

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly mynasybetli “Sungatda we çeper döredijilikde ýaşlaryň ylmy gözlegleri” atly ylmy-amaly maslahaty bolsa ýaşlaryň uly höwes bilen ylma çemeleşýändikleriniň şaýady boldy. Maslahata welaýatlarymyzdaky ýörite orta sungat mekdeplerinden hem talyplaryň gatnaşmagy bu çäräniň ähmiýetini has-da artdyrdy. Her bir halkyň sungatynda milletiň ruhy dünýäsini, özboluşly aýratynlygy şöhlelendirilýän baý türkmen aýdym-saz folklory dogrusynda şeýle-de dünýä halklarynyň folkloryna degişli gyzykly çykyşlar edildi. Ylmy-amaly maslahatyň dowamynda talyplar temasyna degişli taýýarlan prezentasiýalar, audio we wideo ýazgylaryny, wideoroliklerini hem görkezdiler. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda geçirilen ylmy-amaly maslahat hem halklaryň arasynda dost-doganlyk köprüsini gurnaýan dünýä sazynyň baý çeşmelerine we halk aýdym-sazlaryna bagyşlandy.

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Sazyň taryhy” kafedrasynyň hepdeliginiň ýapylyş dabarasynda hepdelige işjeň gatnaşan mugallymlara, ýaş talyplara şol kafedranyň müdiri B.Ýakubowa minnetdarlygyny bildirdi. Hepdeligiň ýapyşyş dabarasynyň ahyrynda bolsa sazşynas mugallymlardyr talyp ýaşlar milli aýdym-saz sungatymyzy öwrenmekde, ony dünýä jemgyýetine ýaýmakda, halypalarymyzyň yzyny dowam etmekde giň gerimli işleri durmuşa geçirýän, aýdym-sazyň hak howandary Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini beýan etdiler.



Gülnabat ATAÝEWA/h2>

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazyň taryhy” kafedrasynyň mugallymy