HAÝYR-SAHAWAT GAZNASYNYŇ BEJERIŞ IŞLERI BOÝUNÇA WISE-PREZIDENTI «AL-ARABIÝA» TELEÝAÝLYMYNYŇ WEKILLERI BILEN DUŞUŞDY
19-njy aprelda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa ýurdumyza sapar bilen gelen «Al-Arabiýa» teleýaýlymynyň esasy alypbaryjysy Rizwan Hanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşdy. Duşuşykda myhmanlar gaznanyň alyp barýan işleri bilen giňişleýin tanyşdyryldy.
Mälim bolşy ýaly, ýakynda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli, gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewanyň ýolbaşçylyk etmeginde üstünlikli geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahat dünýä jemgyýetçiliginde uly seslenme döretdi. Dürli hyzmatdaş ýurtlar we halkara guramalar bu ugurda özara gatnaşyklary ösdürmäge taýýardyklaryny beýan etdiler. Ine, bu gün bolsa şeýle maksat bilen, «Al-Arabiýa» teleýaýlymynyň wekilleri Arkadag şäherine gaznanyň işi barada ýakyndan tanyşmak üçin geldiler.
Jenap Rizwan Han dünýäde köp millionly tomaşaçysy bolan «Al-Arabiýa» teleýaýlymynyň ýurdumyza gelen wekiliýetiniň agzalaryny mähirli we myhmansöýerlik bilen kabul edendigi üçin Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewa hoşallyk bildirdi.
«Türkmenistan» gazeti