KITAP–GYMMATLY HAZYNADYR


KITAP–GYMMATLY HAZYNADYR

Kitap gymmatly hazyna we paýhas çeşmesi hasaplanýar. Ýurdumyzda mukaddeslik derejesinde eý görülýär. Kitap okamak ýady, pikirlenmegi we hyýaly düşünjeleri ösdürmekde, döredijilik ukybyny kämilleşdirmekde, söz baýlygyny artdyrmakda, netijede bolsa, Watana, ene-ata bolan söýgüdir, hormat-sylagyň egsilmeýän gymmatyny döretmekde ähmiýeti uludyr. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň bilelikdäki «Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty» atly kitap sergisi gurnaldy. Sergide şekillendiriş sungatyna degişli gymmatly çeşmeleriň birnäçesi görkezildi. Bu kitap sergisi sungat ojagynda bilim alýan talyp ýaşlarymyz üçin ylham çeşmesi bolup hyzmat etdi.