HALKYŇ SAGLYGY–DÖWLET BERKARARLYGY


HALKYŇ SAGLYGY–DÖWLET BERKARARLYGY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Aşgabat köpugurly» stadionynyň bilelikde guramagynda «Halkyň saglygy–döwlet berkararlygy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler ýurdumyzda döwletiň we jemgyýetiň iň gymmatly baýlygy bolan adamyň saglygyny goramak ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýandygy, «Saglyk» Döwlet maksatnamasy esasynda häzirki zaman saglygy goraýyş, anyklaýyş, sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmak üçin desgalaryň yzygiderli gurlup ulanylmaga berilmegi, dürli ugurlarda ýöriteleşdirilen hassahanalaryň we şypahanalaryň toplumynyň ösen tehnologiýalar bilen üpjün edilendigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan, ilatyň saglygyny ähli zatlardan ileri tutýan, her birimiziň saglygymyzy goramakda uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.