BEÝIK ÖSÜŞLERE BESLENÝÄN DIÝAR


BEÝIK ÖSÜŞLERE BESLENÝÄN DIÝAR

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bilelikde guramagynda “Beýik ösüşlere beslenýän diýar” ady bilen aýdym-sazly, wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” asudalyk, agzybirlik, berkararlyk ýaly düşünjelerden gözbaş alyp, “parahatçylyk” sözi umman deý çuň, asman deý giň, daglar deý belent pähim-paýhaslardan gaýdýandygy hakynda gürrüň berdiler.Ýurt parahat bolanda, günler söýgä, aýlar bagta, ýyllar asudalyga beslenip, bagtyýar durmuş has-da gülleýändigini, şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň beýik taglymatyny özünde jemleýän “Türkmenistan – Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany”atly ajaýyp şygry il-halkymyzyň ýürek törüni eýeläp, eziz Diýarymyzyň asudalygynyň mekanydygyny ýene bir gezek subut edendigi barada buýsanç bilen bellediler.

Çäräniň dowamynda talyplaryň ýerine ýetirmeginde belent owazlar ýaňlandy, bu bolsa çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda türkmen halkyny baky bahara ýetiren, eşretli zamanany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza, Akadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini beýan etdiler.