GÖÇME SERGI
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölümi Türkmenistanyň Döwlet Çeperçilik Akademiýasynda göçme sergi gurady.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ynsany täze belentliklere galkyndyrýan, ruhuny belent edýän, nesilleriň uçar ganaty bolan kitabyň gadyry beýik tutulýar. Bu göçme sergi hem Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň eserleri, şeýle-de Döwlet kitaphanasynyň baý kitap hazynasynda bar bolan sungat ussatlaryna bagyşlanyp ýazylan gollanmalar hem-de kitaplar bilen guraldy.
Milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň çuňňur öwrenilmegi, dünýäde wagyz edilmegi babatda taýsyz tagallalar edýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, başlary dik bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.