SAGDYNLYK ÝAŞAÝYŞYŇ SERESI


SAGDYNLYK ÝAŞAÝYŞYŇ SERESI

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasynyň guramagynda 95-nji orta mekdepdebiniň okuwçylarynyň gatnaşmagynda “Sagdynlyk ýaşaýyşyň seresi” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ensklopedik kitaby bütün türkmen halky üçin gymmatly gollanma öwrülendigi, aýratynam saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşine ebedi hyzmat etjek genji-hazyna bolup durýandygy barada buýsanç bilen gürrüň berdiler. Mundan başga-da tebigatyň ynsan saglygy bilen sazlaşygyny amala aşyrmaga ýardam edýän bu kitap, dünýäniň dürli dillerine terjime edilendigi, şeýle-de ýurdumyzda bitýän dermanlyk ösümlikleriniň ylmy esasda öwrenilişi, olaryň melhemlik häsiýetleri bu kitapda giňden beýan edilýändigi hakynda bellediler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda ýurdumyzy sagdynlygyň mekanyna öwürýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.