MILLI SPORTUMYZYŇ NOBATDAKY ÜSTÜNLIGI
24-nji aprelda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Ýewropa we Aziýa ýurtlarynyň 13-sinden türgenleriň gatnaşmagynda geçirilen sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryş milli sportumyzyň nobatdaky üstünligi bilen tamamlandy. Bu ýaryş 2024-nji ýylyň maýynda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Aşgabadyň«Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegine bagyşlanan çäreleriň maksatnamasynyň çäklerinde geçirildi.
Halkara ýaryşyň birinji gününde ýurdumyzyň ýygyndy topary türkmen milli göreşi boýunça jemi 14 medal gazandy. Aşyrmyrat Amandurdyýew (57 kg çenli), Ýakup Babaýew (62 kg çenli), Yhlas Begmyradow (68 kg çenli), Agaýusup Garaýew (75 kg çenli), Sylapberdi Nuryýew (82 kg çenli), Annagurban Allaberdiýew (90 kg çenli), Pälwan Gurbangeldiýew (100 kg çenli), Nurmuhammet Baýdogdyýew (100 kg-dan ýokary) altyn medala mynasyp boldular. Muhammetarslan Geldiýew (57 kg çenli), Atageldi Tejendurdyýew (75 kg çenli), Döwran Jumadurdyýew (82 kg çenli), Begli Hojammaýew (100 kg çenli), Öwezgeldi Berdiýew (100 kg çenli) kümüş, Pälwan Akmyradow bolsa (68 kg çenli) bürünç medal gazandylar. Şu gün bolsa guşakly alyş göreşi boýunça geçirilen ýaryşda galan 10 medal toplumy ugrunda bäsleşildi.
Alyş-bu gyrgyz halkynyň milli göreşidir. Ol öz gözbaşyny taryhyň jümmüşinden alyp gaýdýar. “Alyş” sözi “Manas” şadessanyndan gelip çykýar. Gadymy döwürlerde pälwanlar öz aralarynda göreşmek islänlerinde, “Kel, alyşaly!” diýipdirler. Bu bolsa “Geliň, göreşeliň!” diýmegi aňladypdyr. Göreşiň bu görnüşine erkekler hem, zenanlar hem gatnaşyp bilýärler. Göreş diňe dik durmak ýagdaýynda geçirilýär. Her bir pälwanyň wezipesi garşydaşyny guşagyndan goýbermän ýykmakdan ybaratdyr. Soňky ýyllarda guşakly alyş göreşi hem, türkmen milli göreşi ýaly, bütin dünýäde işjeň ösdürilýär. 2002-nji ýylda döredilen, ştab-kwartirasy Bişkek şäherinde ýerleşýän Bütindünýä Alyş federasiýasynyň düzümine (WAF) häzirki wagtda Aziýanyň, Afrikanyň, Ýewropanyň, Demirgazyk we Günorta Amerikanyň milli federasiýalarynyň 36-sy girýär.
Paýtagtymyzda geçirilen halkara ýaryşda erkekleriň arasynda alty, zenanlaryň arasynda dört agram derejesinde guşakly alyş göreşi boýunça ýeňijiler kesgitlenildi. Bu ýaryşda hem türkmen türgenleri 4 altyn, 5 kümüş we 5 bürünç-jemi 14 medal gazanyp, toparlaýyn hasapda ýeňiji boldular. Sylapberdi Nuryýew (80 kg çenli), Annagurban Allaberdiýew (90 kg çenli), Pälwan Gurbangeldiýew (100 kg çenli), Dawut Nazarow (100 kg-dan ýokary) altyn medala, Abdyresul Durdyýew (60 kg çenli), Kerwengeldi Jumagylyjow (80 kg çenli), Nobatgeldi Nazarow (100 kg çenli), Zöhre Gurbanmyradowa (60 kg çenli), Aýnura Faýzullaýewa (65 kg çenli) kümüş medala, Umyt Garagulow (60 kg çenli), Azymuhammet Orazmuhammedow (70 kg çenli), Kuwwat Hojamberdiýew (90 kg çenli), Hesel Orazgeldiýewa (55 kg çenli), Patma Garajaýewa (70 kg çenli) bolsa bürünç medala mynasyp boldular.
«Türkmenistan» gazeti