MEKDEBE ÇENLI ÇAGALAR EDARALARYNYŇ ORTA TOPARLARYNDA SAPAKLARDA ÇAGALARDA KITABA BOLAN SÖÝGINI DÖRETMEGIŇ USULLARY
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri ýaňy-ýakynda Ahal welaýat Baş bilim müdirliginiň ýanyndaky döwlet umumybilim edaralarynyň mugallymlarynyň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň hünär derejesini ýokarlandyryş merkezi bilen bilelikde “Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň orta toparlarynda sapaklarda çagalarda kitaba bolan söýgini döretmegiň usullary” atly söhbetdeşlik geçirdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda çagalarda okamaklyga, kitaba bolan höwesi, söýgini döretmek we şol kitaplar arkaly olarda arassa ahlaklylyk, halallyk, adalatlylyk, dogruçyllyk, watansöýüjilik ýaly oňat gylyk-häsiýetleriň terbiýelenmegini gazanmak barada netijeli gürrüňler edildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Watanymyzyň geljegi bolan ösüp gelýän ýaş nesiller üçin edýän aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
