«KONSERWATORIÝADA MYHMANÇYLYKDA» ATLY KONSERTI GEÇIRILDI


«KONSERWATORIÝADA MYHMANÇYLYKDA» ATLY KONSERTI GEÇIRILDI

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýamyzda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylymyzda her bir günümiz dürli medeni çärelere beslenýär. Şeýle çäreleriň biri hem Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň bagşylar we dutarçylar toparynyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” mynasybetli “Parahatçylygy wasp edýän ýaşlar” atly şowhunly konserti geçirildi.

Konsert bagşylar toparynyň ýerine ýetirmeginde N.Gurbanmyradowyň sözlerine, A.Mededowyň sazyna döredilen “Parahatçylyk aýdymy” bilen açyldy. Ýylymyzyň şygaryna bagyşlanan aýdymda parahat ýurdumyz wasp edildi. Soňra ussat halypalaryň döreden “Gözim ýollarda” (sözi B.Hajyýewiňki, sazy J. Hojanepesowyňky), “Ýar gözlär” (sözi D.Allaberdiýewiňki sazy D.Hanowyňky”, “Sumbaryň nary” (sözi M.Garryýewiňki, sazy D.Ökdürowyňky) we “Göwnüm seni”, “Pes bolmasyn”, “Ýar otagynda”, “Paş eder seni”, “Hoş eder men”, “Annasoltanym meniň”, “Aýa meňzär”, “Ak ýüzli Maralym” ýaly türkmen halk aýdymlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.

Bu dabarada Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň dutarçylar topary hem adam kalbynda uly orny eýelän milli sazlary bilen çykyş edip, öz ussatlyklaryny görkezdiler. Olar N.Garlyýewiň “Arzuw etdim”, A.Mededowyň “Söýmüşem seni”, “Bagt mukamy”, A.Çaryýewiň “Ylham”, Ý.Nurymowyň “Säher şapagy”, Ş.Gurbannepesowyň “Gurultaý” ýaly sazlaryny we “Tapylar”, “Müşgil” türkmen halk sazlaryny ezberlik bilen çalmagy başardylar.

Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň dutarçylar we bagşylar toparlarynyň “Parahatçylygy wasp edýän ýaşlar” atly konserti ýatdan çykmajak medeni çäreleriň biri boldy. Konserte gatnaşan talyplar gyzgyn el çarpyşmalara we gül sowgatlaryna mynasyp boldylar.

Şeýle zehinli, hünärine ussat talyp ýaşlaryň kemala gelmegi ýurdumyzda bilim ulgamyna we saz älemine uly üns berilýändiginiň, halypa mugallymlaryň bolsa irginsiz çekýän zähmetiniň nyşanydyr.



Arzygül WELSÄHEDOWA



Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň “Sazşynaslyk” fakultetiniň III ýyl talyby