BEÝIK ÖSÜŞLERI NAZARLAÝAN DOST-DOGANLYK GATNAŞYKLARY


BEÝIK ÖSÜŞLERI NAZARLAÝAN DOST-DOGANLYK GATNAŞYKLARY

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Türkmenistanyň mejlisiniň deputatlarynyň gatnaşmagynda «Beýik ösüşleri nazarlaýan dost-doganlyk gatnaşyklary» atly söhbetdeşlik geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir güni şanly senelere, baý taryhy wakalara beslenýän Diýarymyzda ähli ulgamlarda uly ösüşler gazanylýar. Esasan hem halkara gatnaşyklary ulgamyny has-da ýokarlandyrmak, dünýä döwletleri bilen ysnyşykly gatnaşyklaryny berkitmek ýaly meseleler boýunça birnäçe maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Ýaňy ýakynda hem Özbegistan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky berk dostluk gatnaşyklaryny, hoşniýetli goňşuçylygy we strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, döwletara gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmekde, söwda-da, senagatda, ulag ulgamynda, energetikada, oba hojalygynda, ylymda, bilimde, sportda, ynsanperwer ulgamda köptaraply we uzak möhletli hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeltmekde bitiren ägirt uly taryhy hyzmatlary, doganlyk halklarymyzyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagyna, jebisleşmegine, gadymy taryhy, Milli gymmatlyklary, däp-dessurlary aýawly saklamaga, medeniýet we sungat ugurlarynda gatnaşyklary ilerletmäge, ählumumy durnuklylygy, özara ynanyşmak ýagdaýyny, sebitde hyzmatdaşlygy we ylalaşyklylygy berkitmäge goşan ägirt uly goşandy üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza Özbegistan Respublikasynyň “Ýokary derejeli dostluk” ordeni bilen sylaglanyldy. Bu bolsa türkmen halkymyzyň buýsançly başyny göge ýetirdi. Şular dogrusynda giňişleýin söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň durnuklylyk, dostluk, hoşniýetlilik ýaly syýasatyny dünýä ýüzünde dabaralandyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsyn, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!