PARAHATÇYLYK–KÖŇÜLLERIŇ SENASY
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy bilen bilen I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli «Parahatçylyk–köňülleriň senasy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Bitarap Türkmenistan içeri we daşary syýasatynyň dünýä bileleşigi tarapyndan umumy ykrar edilen döwletdigi, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň parahatçylyk, dost-doganlyk ýörelgeleri esasynda alyp barýan syýasatlary dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp bolup, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyz beýik ösüşleriň, bagtyýarlygyň, parahatçylygyň mekanydygy, ýurdumyzyň abraý-mertebesiniň dünýä ýüzünde ýokary derejä eýe bolýandygy barada gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda parahatçylygyň berkararlygy, deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürülmegi ugrunda bimöçber tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.