DÖWLETLI DÖWRANDYR ÜSTI BEDEWIŇ


DÖWLETLI DÖWRANDYR ÜSTI BEDEWIŇ

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň kitaphana şahamçasy bilen Bagtyýarlyk medeniýet köşgi, Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 7-nji çagalar sungat mekdebiniň bilelikde guramagynda «Döwletli döwrandyr üsti bedewiň» ady bilen kitap sergisi guraldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli buýsanjymyza öwrülen bedewleriň mertebesi barha beýgelýändigini, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralaryň giň gerim bilen bellenilmegi hem bu hakykaty äşgär edýändigi barada belläp geçdiler. Şeýle-de at ähli döwürlerde türkmeniň durmuşynda aýratyn ähmiýete eýe boluşy ýaly türkmen halkynyň hem ahalteke bedewine bolan hormat, söýgüsiniň çäksizdigi, çünki halkymyzyň döreden maddy we ruhy gymmatlyklarynda aýdyň beýanyny tapýandygy barada gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.