AHALTEKE ATLARY GÖZELLIGIŇ NUSGASY
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollamurt adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 133-nji orta mekdebiniň bilelikde guramagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Ahalteke atlary gözelligiň nusgasy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler asyrlaryň dowamynda bedewler ynsanyň iň ýakyn hemrasy bolup, toý-baýramlaryň bezegi bolup, pähimdar ata- babalarymyz tebigat bilen sazlaşykly ýaşamagyň, bedew atlary seýislemegiň hem-de ajaýyp atlary ýetişdirmegiň nusgasyny döredilendigi barada gürrüň berdiler. Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly ajaýyp kitaplaryny okanymyzda bedewler hakynda baý taryhy maglumatlary açyp görkezýändigi barada belläp geçdiler.
Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.