Türkmenistan – Dünýä Syýahatçylygynyň Ýyldyzy


Türkmenistan – Dünýä Syýahatçylygynyň Ýyldyzy



Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwrümizde Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagyny dünýä derejesinde ösdürmäge ähli mümkinçilikler döredýär. Şonuň netijesinde häzirki günde ýurdumyz dünýä syýahatçylygynyň ýyldyzyna öwrüldi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan baý taryhy, tebigy aýratynlygy hem-de gözel ýerleri bilen halkara syýahatçylarynyň, jahankeşdeleriniň ünsüni özüne çekýär. Munuň özi ýurdumyzyň syýahatçylyk ugruny ösdürmäge we halkara syýahatçylygynyň gerimini giňeltmäge ýardam edýär. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy ýurdumyzyň, şeýle-de, halkara syýahatçylyk ulgamyndaky ägirt uly taslamalaryň biri boldy. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda birnäçe döwrebap myhmanhanalar ulanmaga berildi we bu işler yzygiderli dowam edilýär. Gojaman Hazaryň tylla kenaryndan uzap gidýän zolakda dynç alyş we gyzykly göwün açyş ýerleri, akwaparklary, restoranlary, sport klublary, dürli görnüşdäki attraksionlary we söwda merkezleri aýratyn ünsüňi çekýär.

Arkadag Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda syýahatçylyk ulgamynyň döwrebap içki düzümi döredilýär, ýagny gurulýan kaşaň myhmanhanalar, sagaldyş-dynç alyş ýerleri, güýmenje merkezleri, seýilgähler, döwrebap şaýollary, halkara howa menzilleri, halkara deňiz porty we beýlekiler munuň aýdyň beýanydyr. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy dünýä ýurtlaryndan gelýän jahankeşdeleri dünýä ülňülerine gabat gelýän kaşaň myhmanhanalary bilen garşy alýar. Hazaryň ekologiýa taýdan arassalygy, jana ýakymly mahmal howasy, deňiz suwunyň himiki elementlere baýlygy syýahatçylarda we jahankeşdelerde ýakymly duýgulary oýarýar.

Türkmenistan – syýahatçylygyň merkezi. Güneşe baý ýurdumyzda dünýä syýahatçylary Bahry-Hazar bilen bilelikde, Gadymy Merwiň asyrlara şaýat bolup oturan ýadygärliklerine, Köneürgenjiň taryhy ýerlerine, Maşady-Misserianyň belent binalaryna, Lebabyň, Ahalyň giň çäklerindäki taryhy ýerlere keşt edýärler. Marydaky Soltan Sanjaryň mawzoleýi, Uly hem Kiçi Gyzgala ýadygärlikleri, Köneürgençdäki “360 ulama” ady bilen belli bolan ýadygärlikler toplumy, Maşady-Messerianyň Dehistan düzlügindäki asyrlara şaýat bolup oturan ýadygärlikler, Maşat ata kümmeti, Lebapdaky Köýtendagyň tebigy aýratynlyklary, Ahal düzlügindäki Nusaý, Saharhsbaba, Änew ýadygärlikleri myhmanlarda ýatdan çykmajak täsirleri oýarýar.

Türkmen topragy dünýäde deňsiz-taýsyz ahalteke bedewleriniň mekanydyr. Ýurdumyza gelýän jahankeşdeler ýelden ýüwrük bedew atlary ýakyndan synlamaga mümkinçilik tapýarlar. Türkmen asmanynyň bezegi bolan elguşlar, çydamlylykda we güýçlülikde deňi-taýy bolmadyk türkmen arwanasy, eýesine wepalylykda nusga bolan türkmen alabaý iti ýurdumyza gelýän syýahatçylaryň ünsüni çekýän iň bir ajaýyp milli gymmatlyklardyr. Halkymyzyň dünýä giňişligine beren bu gymmatlyklary hakynda Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly nusgawy kitabynda dürli maglumatlar beýan edilýär.

Türkmen topragyna gelýän her bir myhmany – syýahatçyny, jahankeşdäni mynasyp garşy almak ata-babalarymyz tarapyndan ýola goýlan üýtgewsiz ýörelgedir. Şonuň üçin güneşli ülkämize gelýän dünýä syýahatçylarynyň sany ýyl-ýyldan artýar.