Parahatçylyk we ynanyşmak – halkymyzyň gadymy ýörelgeleri


Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp başlangyçlary esasynda 2021-nji ýylyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi, ýurdumyzyň durmuşynda şatlykly waka boldy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän ýylynyň şeýle atlandyrylmagy, ýurdumyzyň halkara abraýyny belende götermekde, türkmen halkynyň müňýyllyklara uzaýan şöhratly taryhynda aýratyn orny eýeleýän parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini has-da dabaralandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolar.

Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda halkymyzyň parahatçylyga, ynanyşmaga, hoşniýetli gatnaşyklara goýýan hormat-sarpasyny, ata-babalarymyzyň parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgelerini çuňňur paýhaslaryň üsti bilen giňden beýan edýär. «Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany» atly kitaby içgin okadygyňça, kitapda öňe sürülýän belent pikirler parahatçylyga we ynanyşmaga söýgi döredýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy gözbaşlara, gadymy hem mizemez köklere daýanýandygy, halkymyzyň goşa ganatyna öwrülen bu mukaddesliklerimiziň şanly, buýsançly geljegimiziň täze gözbaşydygy, ebedi ýolumyzdygy, ertirki durmuşymyzyň sagdyn esaslarydygy bu kitapda aýratyn nygtalýar.

Gahryman Arkadagymyzyň bu kitapda aýdyşy ýaly, «Halkymyzyň parahatçylyk, oňşuklylyk, ynsanperwerlik ýörelgeleri häzirki döwürde döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi we onuň pugtalanmagy bilen öz mazmunyny baýlaşdyrýar.» Türkmen halkynyň mertebeli durmuşy, erkana ýaşaýyşy üçin parahatçylykdan we ynanyşmakdan, agzybirlikden we abadançylykdan gymmat zadyň ýokdugy, biziň baýlygymyzyň, bagtyýarlygymyzyň, buýsanjymyzyň erkana we parahat durmuşda, dünýäde mertebeli millet bolup ýaşaýanlygymyzda hemmämize aýdyň hakykat. Merdana halkymyz gadymy döwürlerden häzirki günlere çenli parahatçylygy, ynanyşmagy, abadan durmuşy, dost-doganlygy ýaşaýyşynyň manysyna öwrüp, goňşy we sebit ýurtlarynyň halklary bilen özara ynanyşyp, parahat durmuşda ýaşap geldi.

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda taryhçylaryň, akyldarlaryň miras galdyryp giden ýazgylaryna salgylanmak bilen, merdana pederlerimiziň dünýäniň dürli sebitlerine amala aşyran ýörişleriniň parahatçylykly maksadyny, ynanyşmak ýörelgelerini giňişleýin açyp görkezýär.

Biziň eýýamymyzyň başlaryna ýaşap geçen rim taryhçysy Pompeý Troguň turanlylar-skifler hakynda aýdan «Beýleki halklarda-da kesekiniň zadyna şeýle garaýyş bolan bolsady, ondan beýle uruşlar Ýer ýüzünde asyrlaryň dowamynda bolmazdy.» diýen sözlerini mysal getirmek bilen, Gahryman Arkadagymyz halkymyzyň parahatçylyk, ynanyşmak ýaly milli ýörelgeleriniň müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýandygyny, türkmen halkynyň parahatçylykly durmuşy, özara ynanyşmagy hemişe ähli meseleden öňde goýup gelendigine ünsi çekýär.

«Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany» atly täze kitapda «Oguznamalara», Gündogar edebiýatynda ýörgünli bolan oguznamaçylyk däplerine ýüzlenilmegi, Oguz hanyň parahatçylykly ýörişlerinden söhbet açylmagy, eseriň taryhy ähmiýetini artdyrýar. Oguz han bilen bagly hekaýatlardan alnan mysallar türkmen halkynyň şöhratly taryhynda, milli ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerinde parahatçylygyň ähli zatdan ileri tutulyp gelnendiginiň anyk subutnamasydyr. Oguz hanyň bitewülik, agzybirlik taglymatynyň düýp özeni – dünýäniň parahatçylygy, zeminiň abadançylygydyr. Oguz han hakyndaky islendik hekaýatyň üsti bilen parahatçylykly durmuş, ynanyşmak ýörelgeleri ündelýär.

Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda hekaýatlaryň, taryhy ýazgylaryň üsti bilen Oguz hanyň parahat durmuş, dostlugy berkitmek babatdaky garaýyşlarynyň esasynda şol döwürlerde dünýäde asudalygyň dabaralanandygyny filosofiki äheňde suratlandyrýar, häzirki döwrümize mahsus milli ýörelgelerimiziň binýadynda şol gymmatlyklaryň bardygyny buýsançly belleýär. Taryh – halkyň hakydasy, geçmişiň sahypalary milletiň milli mirasy. Biz şöhratly taryhymyzyň, baý medeni mirasymyzyň gymmatlyklaryny öwrenip, giňden wagyz edip, ata-babalarymyzyň arzuwlan ajaýyp zamanasynda ýaşaýarys.

Döwletmämmet Azady, Magtymguly Pyragy, Mollanepes, Baýram han ýaly nusgawy şahyrlarymyzyň edebi mirasynda parahatçylyga, ynanyşmaga bolan milli garaýyşlar giňden şöhlelenýär. Akyldar şahyrlaryň parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini wasp edýän şygyrlary ýaş nesilleri watansöýüjilik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde gymmatly ruhy çeşmedir.

Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda şeýle belleýär: «Akyldar Magtymguly Pyragynyň kakasy, parasatly şahyr hem alym Döwletmämmet Azadynyň ölmez-ýitmez eserlerinden jümleler 2012-nji ýylda «Kunstwelt e.V Berlin» nemes medeni guramasynyň dürli ýurtlaryň we halklaryň görnükli wekilleri bilen tanyşdyrýan «Dünýäniň öňdengörüjileriniň ýodasy» atly taslamasy üçin seçilip alyndy. Belli bolşy ýaly, halkymyzda «Ýakma – bişersiň, gazma – düşersiň» diýen nakyl bar. Edil şu nakyl bilen bir many-maňyzda Döwletmämmet Azady şeýle diýýär:

«Her kişi ot ýaksa özi bişer,
Gazsa her kim çah – oňa özi düşer».
Biziň halkymyzda «Ody özüňe bas, ötmese – kesekä» diýen nakyl hem bar. Munuň özi adamy ynjytmazlygy, adam mertebesine hormat goýmagy ündeýär.».

Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, Döwletmämmet Azadynyň bu paýhasly setirleri adamlary ýagşylyga, birek-birege hormat goýmaga, agzybir ýaşamaga çagyrýar. Durmuşda ýagşy häsiýetleriň bilen görelde bolmak, ýaman gylyklardan daşda bolmak ynsan mertebesini beýgeldýär. Döwletmämmet Azadynyň parasatly sözleri 2012-nji ýylda «Kunstwelt e.V Berlin» nemes medeni guramasy tarapyndan Berlin şäheriniň Fredrihştrasse köçesiniň ugrunda «Dünýäniň öňdengörüjileriniň ýodasy» atly pannoda ýerleşdirildi. 1999-njy ýylda esaslandyrylan «Kunstwelt e.V Berlin» nemes medeni guramasy Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen hyzmatdaşlykda medeni ulgamda halkara gatnaşyklaryny alyp barýar.

Bu guramanyň maksady Berliniň medeni ulgamyny ösdürmek, şäheriň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna dünýä ýurtlarynyň medeniýetleriniň gazananlaryny ýakyndan tanyşdyrmak bolup durýar. Açyk asmanyň astyndaky täsin muzeýiň özboluşly gymmatlygy – ÝUNESKO agza ýurtlaryň milli edebiýatlarynyň görnükli wekilleriniň parasatly sözleri, pähimleri bu gün dünýä halklaryna dost-doganlyga, parahatçylyga çagyryşdyr.

Gahryman Arkadagymyz bu kitabynda Döwletmämmet Azadynyň «Dünýäniň öňdengörüjileriniň ýodasy» atly pannoda ýerleşdirilen setirleri bilen «Ody özüňe bas, ötmese – kesekä» diýen türkmen nakylynyň özara baglanyşygynyň, pikir-pelsepe birliginiň bardygyny aýdýar. Şeýle hem, «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýen türkmen nakylynyň manysyna Azadynyň başgaça öwüşginde çalymdaş:

«Maslahatsyz iş puşeýmanlyk bolar,
Akly-küli bolmaz, kütehdanlyk bolar» diýen setirlerini mysal getirip, dana ata-babalarymyzyň döreden eserlerinde adamlaryň arasynda parahatçylygy, ynanyşmagy, dostlukly gatnaşyklary ýola goýmaklygyň giňden wagyz edilendigine uly ähmiýet berýär.

2021-nji ýylyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgeleriniň täzeden dabaralanmagynda, dünýäde ählumumy parahatçylygyň pugtalanmagynda möhüm ähmiýete eýe bolýar. Şöhratly ata-babalarymyzdan miras galan, eziz Arkadagymyzyň parasatly syýasaty netijesinde kämil many-mazmuna beslenen döwrebap ýörelgelerimiz bu ýylda has-da rowaçlanýar.

Türkmen halkynyň umumadamzat ähmiýetli milli ýörelgelerine, gadymy gymmatlyklaryna belent sarpa goýýan, ýurdumyzyň halkara abraýyny belende göterýän Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyşlar aýdýarys. Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, döwletli işleri hemişe rowaç bolsun!

Orazsoltan EMINOWA