Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde yglan edýän «Medeniýet we sungat-kalbyň çyragy, dünýä akyldary dana Pyragy!» atly döredijilik bäsleşiginiň DÜZGÜNNAMASY


Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde yglan edýän «Medeniýet we sungat-kalbyň çyragy, dünýä akyldary dana Pyragy!» atly döredijilik bäsleşiginiň DÜZGÜNNAMASY

I.Döredijilik bäsleşiginiň maksady

1.Bu döredijilik bäsleşigini (mundan beýläk döredijilik bäsleşigi) Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasy bilelikde geçirýärler.

«Medeniýet we sungat-kalbyň çyragy, dünýä akyldary dana Pyragy!» atly döredijilik bäsleşigi türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly-dünýäniň akyldary» atly çuňňur pähim-paýhasly kitaplarynda öňe sürülýän gymmatly pikirleri giňden wagyz etmek, milli medeniýetimizi, sungatymyzy, edebiýatymyzy has-da ösdürmek, Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny, döredijiligini çeper wasp etmek maksady bilen guralýar.

2.Döredijilik bäsleşiginiň umumy düzgünleri

2.1.Döredijilik bäsleşigine ýurdumyzyň ýazyjy-şahyrlary, žurnalistleri, çeper döredijilik bilen meşgullanýan raýatlary öz eserleri bilen gatnaşyp bilerler.

2.2.Döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini seçip almak üçin döredilýän eminler toparynyň düzümi Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasy tarapyndan tassyklanylýar.

2.3.Döredijilik bäsleşigi baradaky bildiriş metbugatda çap edilen gününden başlap güýje girýär.

3.Döredijilik bäsleşiginiň şertleri

3.1.Döredijilik bäsleşigine hödürlenilýän eserlerde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly-dünýäniň akyldary» atly çuňňur pähim-paýhasly kitaplarynda öňe sürülýän gymmatly pikirler, milli medeniýetimizi, sungatymyzy, edebiýatymyzy has-da ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn işler, Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasy, döredijiligi wasp edilmelidir.

3.2. Eserleriň çeperçilik derejesine, hiline we many-mazmunyna emin agzalary tarapyndan baha berilýär.

3.3.Döredijilik bäsleşigine goşgular, makalalar, hekaýalar hödürlenilýär.

3.4.Döredijilik bäsleşigine gatnaşyjylar hödürleýän eserleri bilen birlikde, özleri hakynda maglumatlary hem goşmalydyrlar (familiýasy, ady, atasynyň ady, ýaşaýan, işleýän ýa-da okaýan ýeri, wezipesi, öý salgysy, telefon belgileri). Döredijilik bäsleşigine hödürlenilýän eserleri sanly-medeniyet@sanly.tm, sanlymedeniyet@internet.ru hem-de edebiyatwesungat@sanly.tm elektron salga ibermeli. Döredijilik bäsleşigine hödürlenilýän eserler 2025-nji ýylyň 31-nji maýyna çenli kabul edilýär.

3.5. Döredijilik bäsleşigi şu ýylyň iýun aýynda jemlener we ýeňijilere Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlar gowşurylar.

Elektron poçta:

sanly-medeniyet@sanly.tm

sanlymedeniyet@internet.ru

edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz:

44-00-77, 44-00-71, / 38-62-33.

Önki makalalar