Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň, «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde geçirýän «Waspyň sena boldy dillere, bedew!» atly bäsleşiginiň DÜZGÜNNAMASY


Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň, «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde geçirýän «Waspyň sena boldy dillere, bedew!» atly bäsleşiginiň DÜZGÜNNAMASY

1. Bäsleşigiň düzgünleri

1.1.Bu bäsleşigi Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, «Türkmen atlary» döwlet birleşigi, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşi, «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasy bilelikde geçirýärler.

1.2. Bäsleşige ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan raýatlary öz eserleri bilen gatnaşyp bilerler.

1.3. Bäsleşigiň ýeňijilerini seçip almak üçin döredilýän eminler toparynyň düzümi Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, «Türkmen atlary» döwlet birleşigi, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşi, «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasy tarapyndan tassyklanylýar.

2. Bäsleşigiň şertleri

2.1. Bäsleşige hödürlenilýän makalalarda we hekaýalarda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynda türkmen bedewleriniň şöhratly taryhy barada aýdýan parasatly pikirleriniň çuňňur manysy, Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde milli atşynaslyk sungatynyň gadymy däplerini üstünlikli dowam etmek ugrunda alnyp barylýan giň möçberli işler wasp edilmelidir. Bäsleşige hödürlenýän goşgularda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiziň türkmen bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende götermek ugrunda alyp barýan döwletli işleri, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerinde bedewleriň tutýan orny çeper beýan edilmelidir.

2.2. Eserleriň çeperçilik derejesine, hiline we many-mazmunyna emin agzalary tarapyndan baha berilýär we ýeňijiler eminleriň eserleri saýlamaklary arkaly kesgitlenilýär.

2.3. «Waspyň sena boldy dillere, bedew!» atly bäsleşige goşgular, poemalar, makalalar, hekaýalar hödürlenilýär. Bäsleşige gatnaşyjylar görkezilen ugurlar boýunça özleriniň «Times New Roman» harp ýazuwynda 16-lyk ölçegde ýazylan eserlerini hödürläp bilerler.

2.4. Bäsleşige gatnaşyjylar hödürleýän eserleri bilen birlikde, özleri hakynda maglumatlary hem goşmalydyrlar (Familiýasy, ady, atasynyň ady, ýaşaýan, işleýän ýa-da okaýan ýeri, wezipesi, öý salgysy, telefon belgileri we fotosuraty).

Bäsleşige hödürlenilýän eserleri sanly-medeniyet@sanly.tm hem-de edebiyatwesungat@sanly.tm elektron salgylara ibermeli. Bäsleşige hödürlenilýän eserler 2025-nji ýylyň 31-nji martyna çenli kabul edilýär.

2.5. Bäsleşik şu ýylyň aprel aýynda jemlener hem-de bäsleşigiň ýeňijilerine Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşurylar.

Önki makalalar