HABARLAR


ALABAÝ TÜRKMENIŇ MILLI GYMMATLYGYDYR

Medeni miras

16.08.2023

Pederlerimizden miras galan gymmatlyklarymyzyň ýokary derejede sarpalanýan zamanasy bolan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň medeni gymmatlyklarynyň döreýiş we ösüş taryhyny, özboluşly milli aýratynlyklaryny, terbiýeçilik we umumadamzat ähmiýetini öwrenmäge gönükdirilen maksatnamalaýyn işler täze rowaçlyklara beslenýär.

ENE GÖRELDESI - NESIL ÝÖRELGESI

Medeni miras

15.08.2023

Milletimiziň käbesi Ogulabat eje özüniň bütin ömrüni il-ýurduna, mukaddes ojagyna, nesil terbiýesine bagyş eden mähriban Ene. Onuň watansöýüjili, ynsanperwerligi, belent adamkärçiligi, maşgala mukaddesligine wepadarlygy, el işlerine ussatlygy biziň her birimiz üçin nusgalyk mekdep.

SAHAWATYŇ ÇEŞMESIDIR SAÇAGYM

Medeni miras

10.08.2023

Saçak türkmeniň rysgal-bereket gymmatlygy. Sahawatly halkymyz saçak ýazyp, supra ýaýan halk. Menzilleri külterläp gelen taryhy ýolumyzda saçak taýýarlamak senetçiligi hem giň gerime eýe bolupdyr. Her bir maşgalanyň öýüniň bereketiniň mukaddes nyşany hasaplanylýan saçaklaryň dürli görnüşleri taýýarlanypdyr. Mata saçaklar düýe ýüň saçagyň içinden çörekleri dolap goýmak üçin tikilip taýýarlanypdyr.

Çaý barada

Medeni miras

03.08.2023

Türkmeniň gadymy däp dessurlarynyň biri onuň myhmansöýüjiligidir. Elmydama öýe myhman gelende onuň öňüne saçak ýazylyp, çaý hödür edipdirler. Çaýyň dürli-dürli görnüşleri bolup, ol dünýäniň ähli ýurtlarynda giňden ulanylýar.

Türkmen alabaýy

Medeni miras

01.08.2023

Türkmenleriň ata-babalarynyň mukaddes “Awesta” kitabynda “Widewdat” bölüminiň tutuş iki baby ( “Jaýlanan däp-dessur” we “It”) tutuşlygyna itlere bagyşlanandyr. “Awestada”şeýle diýilýär: “Eý, Zaratuştra, men Ahura - Mazda, öz egin-eşigimi geýnen, aýakgabymy geýnen, günümi uklaman geçirýän, ýiti, ötgür dişli, dünýäni goramak üçin adamyň paýyny alan iti döretdim”.

Nusgalyk gymmatlyk

Medeni miras

28.07.2023

Türkmen zenanlarynyň gadymdan bäri meşgullanyp gelen hünärmentçilik senetleriniň biri ýüpekden taýýarlanýan önümleri öndürmekdir. Ýüpek ketenilere halkyň islegi hemişe uly. Ýüpek matalar we ýüpek bilen nagyşlanan geýimler hiç haçan öz gymmatyny ýitirmeýär. Şeýle bolansoň türkmen zenanlarynyň hünärmentçilik işleriniň arasynda dürli görnüşli ýüpek matalary dokamak dowam edip gelýän senetleriň biridir.

ÖRKÜNI AÝDYMA BAGLAN BAGŞY

Medeni miras

26.07.2023

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň Arkadagymyzyň nusgalyk ýolundan ýöräp, türkmeniň milli ýol-ýörelgelerine uly üns bermegi bizi diýseň buýsandyrýar. Milli mirasy öwrenmekde, halypa-şägirtlik mekdebinde Gahryman Arkadagymyzyň millilige ýugrulan kitaplary bize ebedi mekdepdir.

Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde Aziýa komitetiniň “Dessançylyk sungaty” atly nobatdaky 15-nji ýygnagy geçirildi

Medeni miras

18.07.2023

2023-nji ýylyň 11-12-nji iýulynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde Aziýa komitetiniň “Dessançylyk sungaty” atly nobatdaky 15-nji ýygnagy geçirildi. Onuň agzalary: Azerbaýjan, Gyrgyzystan, Gazagystan, Mongoliýa, Koreýa, Täjigistan, Türkmenistan, Özbegistan.

Türkmenistanyň halk bagşysy Patyşaguly Girmanow (1933-2012)

Medeni miras

14.07.2023

Meşhur Girman bagşynyň ogly we onuň özboluşly ýerine ýetirijilik hörpüni dowam eden Patyşaguly hem häzirki Ahal welaýatynyň Tejen etrabyndaky Patyşalyk diýen uly bolmadyk obada dünýä inýär. Çagalykdan kakasynyň we öýlerine ýygy-ýygydan gelip gidýän bagşy-sazandalaryň ýerine ýetirýän aýdym-sazlaryny köp diňlän

Millilige buýsanç

Medeni miras

04.07.2023

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Mähriban Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary netijesinde, medeni mirasymyzy aýawly saklamaga, milliligi dowam etdirmäge, ony dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredildi.