«MADDY DÄL MEDENI MIRASYNY GORAMAK HAKYNDAKY KONWENSIÝANYŇ ÄHMIÝETI» atly duşuşyk we «UMUMADAMZAT ÄHMIÝETLI GYMMATLYKLAR GADYMY MERWDE» atly sergi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni şanly, taryhy wakalara, hoş habarlara beslenip, il-halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrýar. Türkmeniň müňýyllyklara uzap gidýän şöhratly taryhynda mynasyp orun eýelän gadymy Merwiň gymmatlyklaryny öwrenmekdäki alnyp barylýan köpugurly işler şöhratly taryhymyza, baý medeni mirasymyza, medeni gymmatlyklarymyzyň sarpasyny belentde tutýan Arkadagly Serdarymyza bolan buýsanjymyzy has hem artdyrýar. Bu günki gün şan-şöhraty asyrlaryň jümmüşine siňip gidýän gadymy Merwiň dünýä medeniýetine goşan goşandy bizi haýrana goýýar.