HABARLAR


Arkadag şäheriniň häkiminiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Germaniýada gulluk iş saparynda bolar

Täzelikler

12.11.2023

Jemagat hyzmatlarynda peýdalanylýan, tygşytlylyk hem-de ekologiýa howpsuzlygy babatda halkara talaplara laýyk gelýän ýöriteleşdirilen awtoulaglaryň, ugurdaş tehnikalaryň, gurallaryň we enjamlaryň öndürilişi, şeýle hem olaryň tehniki aýratynlyklary bilen tanyşmak üçin, Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 2023-nji ýylyň 13 – 18-nji noýabry aralygynda Germaniýa Federatiw Respublikasynda gulluk iş saparynda bolar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Täzelikler

12.11.2023

11-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Köpetdagyň eteginde 600 ahalteke aty üçin niýetlenen athana açyldy

Täzelikler

12.11.2023

Şu günler ýurdumyzda türkmen daýhanlarynyň ajaýyp zehinini we zähmetini, dogduk mekanynyň sahylylygyny görkezýän Hasyl baýramy giňden bellenilýär.

Türkmenistanyň öňdebaryjy oba hojalyk işgärlerine döwlet sylaglary gowşuryldy

Täzelikler

11.11.2023

Ozal habar berşimiz ýaly, 10-njy noýabrda hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda, ýurdumyzyň raýatlarynyň uly toparyna her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde bellenilýän Hasyl toýy mynasybetli döwlet sylaglary gowşuryldy.

Arkadag şäheriniň dolandyryş çägi giňeldiler

Täzelikler

11.11.2023

«Arkadag şäheriniň dolandyryş çägine üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Mejlisiniň karary kabul edildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Hasyl toýy mynasybetli raýatlaryň uly toparyny sylaglamak hakynda Permana gol çekdi

Täzelikler

11.11.2023

Ozal habar berşimiz ýaly, 10-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Hökümet mejlisini geçirdi we onuň barşynda 12-nji noýabrda ýurtda giňden belleniljek Hasyl toýy mynasybetli ähli türkmen halkyny, zähmetsöýer hasyl ussatlaryny gutlady.

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 10 aýynyň jemine bagyşlanan Hökümet mejlisini geçirdi

Täzelikler

11.11.2023

10-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkm¬enistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.

Çynar Rüstemowa ÝUNESKO-nyň bilim meseleleri boýunça dialogyna gatnaşdy

Täzelikler

10.11.2023

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa dowamly parahatçylygy gurmakda bilimiň ornuny pugtalandyrmak üçin ýokary derejeli dialogda türkmen wekiliýetine ýolbaşçylyk etdi.

Hormatly Prezidentimiziň Özbegistana iş sapary tamamlandy

Täzelikler

09.11.2023

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistana iş sapary tamamlandy. Döwlet Baştutanymyz günüň ikinji ýarymynda Daşkent şäherindäki Islam Karimow adyndaky halkara howa menzilinden paýtagtymyz Aşgabada ugrady.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa daşary ýurt kompaniýalaryň direktorlary bilen duşuşdy

Täzelikler

09.11.2023

Aşgabatda geçirilýän telekommunikasiýa, telemetriýa, maglumatlar tehnologiýalary we teleradio enjamlary pudagyna bagyşlanan «Türkmentel-2023» atly XVI Halkara sergisiniň çäginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa bilen «Heidelberger Druckmaschinen Eastern Europe GmbH» nemes kompaniýasynyň direktory Gerhard Fişer we «LS Telecom Ag» (Germaniýa) kompaniýasynyň direktory Georg Şöne bilen özara duşuşyk geçirildi.