HABARLAR


Şahyr Süleýman Ilamanow bilen döredijilik duşuşygy geçirildi

Täzelikler

09.11.2023

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriyasynda «Edebiýat we sungat» gazetiniñ bölüm müdiri, şahyr Süleýman Ilamanow bilen döredijilik duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti YHG-nyň 16-njy sammitinde çykyş etdi

Täzelikler

09.11.2023

Ozal habar berşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde iş saparynda bolup, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky 16-njy sammitine gatnaşýar.

TDH-niň başlygy M.Gazakbaýew özbek kärdeşi bilen duşuşdy

Täzelikler

09.11.2023

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň başlygy Merdan Gazakbaýew Daşkent şäherinde Özbegistanyň Milli habarlar agentliginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Daşkentde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Täzelikler

09.11.2023

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy mejlisine gatnaşmak üçin Daşkende iş sapary bilen bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti sapar bilen Daşkende bardy

Täzelikler

09.11.2023

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky 16-njy sammitine gatnaşmak üçin, sapar bilen Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherine bardy.

Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi

Täzelikler

08.11.2023

8-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.

Türkmenistan Palestinanyň halkyna ynsanperwer kömegini iberer

Täzelikler

08.11.2023

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli gatnaşyklaryndan we ynsanperwerlik däp-dessurlaryndan ugur alyp, Palestinanyň halky we ilkinji nobatda palestin çagalary üçin Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan noýabr aýynda ynsanperwerlik kömegini ibermek hakynda Buýruga gol çekdi.

Türkmenistanda 2024-nji ýylyň önümçilik senenamasy tassyklandy

Täzelikler

08.11.2023

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi ýurtdaky ähli edaralar we kärhanalar üçin 2024-nji ýyl üçin iş wagtynyň standartlaryny tassyklady. Bu barada ministrligiň resmi web sahypasynda habar berildi.

«Joşgun» Moskwadaky VII «Dutaryň sesi» halkara sungat festiwalynda üstünlikli çykyş etdi

Täzelikler

08.11.2023

Bu ýyl Moskwadaky VII «Dutaryň sesi» halkara sungat festiwaly meşhur türkmen kompozitorynyň 85 ýyllyk dabarasynyň çäginde geçirildi. Çagalar kapellasy topary «Joşgun» Nury Halmämmedowyň adyny göterýän «Dutar sesi» halkara sungat festiwalynda çykyş etdi. Bu ýerde iň meşhur sazlar we aýdymlar ýerine ýetirildi.

Çynar Rustemowa Parižde geçirilen ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Milli komissiýalaryň 10-njy sebitara ýygnagyna gatnaşdy

Täzelikler

07.11.2023

6-njy noýabrda ÝUNESKO-nyň Pariždäki ştab-kwartirasynda bu guramanyň işleri boýunça Milli komissiýalaryň 10-njy sebitara ýygnagy geçirildi. Oňa türkmen tarapyndan Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rustemowa wekilçilik etdi.