HABARLAR


Aşgabatda «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň daşary işler ministrleriniň 16-njy mejlisi geçirildi

Täzelikler

02.11.2023

1-nji noýabrda Aşgabatda «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň daşary işler ministrleriniň 16-njy mejlisi geçirildi. Mejlis «Merkezi Aziýada we Koreýa Respublikasynda durnukly geljegi üpjün etmekde ýaşlaryň ägirt uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek arkaly hyzmatdaşlyk» atly tema bagyşlandy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministri Pak Çžini kabul etdi

Täzelikler

02.11.2023

1-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministri Pak Çžini kabul etdi.

Özbegistanyň daşary işler ministri Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşdy

Täzelikler

02.11.2023

1-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidowy kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi

Täzelikler

02.11.2023

1-nji noýabrda gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» 16-njy hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär.

Hormatly Prezidentimiz Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministrini kabul etdi

Täzelikler

02.11.2023

1-nji noýarbda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri Murat Nurtleuwy kabul etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyzystanyň daşary işler ministrini kabul etdi

Täzelikler

02.11.2023

1-nji noýabrda Aşgabatda geçirilen 16-njy «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» forumyna gatnaşmagyň çäginde Gyrgyzystanyň daşary işler ministri Jeenbek Kulubaýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşdy.

«Türkmenistan — umumadamzat gymmatlyklaryň mekany» atly maslahat geçirildi

Täzelikler

02.11.2023

Ýakynda Türkmenistanyň BMG-niň bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy bolan ÝUNESKO-nyň agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygy hem-de ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak hakyndaky Konwensiýasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli Daşoguz welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň öňündäki meýdançada «Türkmenistan — umumadamzat gymmatlyklaryň mekany» atly maslahatyň dabaraly açylyşy boldy.

Hormatly Prezidentimiz Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidenti ýurduň milli baýramy bilen gutlady

Täzelikler

01.11.2023

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Abdelmajid Tebbuna ýurduň milli baýramy — Ynkylap güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Altynjemal Baýlyýewa amaly-haşam sungatynyň IV Daşkent biennalesinde ýeňiş gazanmagy başardy

Täzelikler

30.10.2023

Ozal habar berşimiz ýaly, 16-20-nji oktýabr aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda amaly-haşam sungatynyň IV Daşkent biennalesi geçirildi.

«Zehinli ýaşlaryň festiwaly» atly bir aýlygyň çäklerinde konsert agşamy geçirildi

Täzelikler

30.10.2023

27-nji oktýabrda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda «Ýörite fortepiano» kafedrasynyň uly mugallymy Şemşat Amannepesowanyň hem-de «Estrada kakylyp çalynýan saz gurallar» kafedrasynyň mugallymy Yklym Babaniýazowyň bilelikde we ýekelikde ýerine ýetirmeklerinde «Zehinli ýaşlaryň festiwaly» atly bir aýlygyň çäklerinde konsert agşamy geçirildi.