HABARLAR


«Mukama siňen ömür» atly festiwalyň çäklerinde Arkadag şäherinde ýaşlar döredijilik toparlarynyň konserti geçirildi

Täzelikler

30.10.2023

Şu ýylyň 27-28-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanda Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli geçirilen «Mukama siňen ömür» atly festiwalyň çäklerinde Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň sahnasynda ýaşlar döredijilik toparlarynyň konserti boldy.

Gahryman Arkadagymyz Türkiýe Respublikasynyň Prezidentini ýurduň milli baýramy bilen gutlady

Täzelikler

30.10.2023

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň milli baýramy — Türkiýe Respublikasynyň şanly 100 ýyllygy mynasybetli Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Hormatly Prezidentimiz Rejep Taýyp Ärdogany Türkiýe Respublikasynyň 100 ýyllygy bilen gutlady

Täzelikler

30.10.2023

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow milli baýram — Türkiýe Respublikasynyň şanly 100 ýyllygy mynasybetli Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana we ýurduň doganlyk halkyna tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Akhan «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» adyna mynasyp boldy

Täzelikler

30.10.2023

Ozal habar berşimiz ýaly, 29-njy oktýabrda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň toplumynda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli esasy çäreler ýaýbaňlandyryldy. Dabaraly çäreleriň çäklerinde «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň netijeleri-de yglan edildi.

Türkmen alabaýynyň keşbini çeper şekillendirmek boýunça geçirilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

Täzelikler

30.10.2023

Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli hormatly Prezidentimiziň Karay bilen türkmen alabaý itleriniň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda halyçylaryň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň we teleoperatorlaryň arasynda yglan edilen bäsleşigiň ýeňijileri mälim edildi.

Hormatly Prezidentimiz Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Täzelikler

28.10.2023

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň itşynaslaryny, olaryň janköýerlerini we bagtyýar halkymyzy Türkmen alabaýynyň baýramy bilen gutlady

Täzelikler

28.10.2023

Hormatly Prezidentimiz her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy bilen Türkmenistanyň itşynaslaryny, olaryň janköýerlerini we bagtyýar halkymyz gutlady.

Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen ildeşlerimize Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly atlar dakyldy

Täzelikler

27.10.2023

Ozal hem habar berşimiz ýaly, şu gün Aşgabatda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň III maslahaty geçirildi. Maslahatyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň Permany bilen itşynaslaryň birnäçesine Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly atlar dakyldy.

Aşgabatda «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň III maslahaty geçirildi

Täzelikler

27.10.2023

Şu gün Aşgabat şäherinde türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanan Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň III maslahaty geçirildi.

Aşgabatda «Mukama siňen ömür» atly festiwalyň açylyş dabarasy geçirildi

Täzelikler

27.10.2023

Şu gün Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda meşhur kompozitor Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli geçirilýän «Mukama siňen ömür» atly festiwalyň açylyş dabarasy boldy.