HABARLAR


Türkmenistanly talyplar Duşanbede geçiriljek «Central Asian Spelling Bee» bäsleşige gatnaşmaga çagyrylýar

Täzelikler

23.10.2023

21-nji oktýabrda ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen hyzmatdaşlykda iňlis dilinde sözleri harpma-harp aýtmak boýunça «Central Asian Spelling Bee» bäsleşiginiň milli tapgyryny geçirdi.

Sankt-Peterburgda Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitaby tanyşdyryldy

Täzelikler

21.10.2023

Sankt-Peterburgda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň rus dilinde neşir edilen «Ömrümiň manysy» atly kitabynyň tanyşdyrylyşy boldy. Bu barada Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasy habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Türkiýe Respublikasynda saparda bolar

Täzelikler

21.10.2023

Ozal hem habar berşimiz ýaly, 20-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi.

Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa Daşkentde geçiriljek halkara foruma çagyryldy

Täzelikler

21.10.2023

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowanyň adyna Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň maşgalasy Ziroat Mirziýoýewadan hat gelip gowuşdy. Bu barada «Türkmnistan» gazetinde habar berildi.

Türkmenistanyň raýatynyň pasportynyň nusgasy we ýazgysy, ony resmileşdirmegiň, bermegiň tertibi, peýdalanmagyň kadalary tassyklandy

Täzelikler

21.10.2023

Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny resmileşdirmegiň we bermegiň tertibi, ondan peýdalanmagyň kadalary, şeýle-de Türkmenistanyň raýatynyň pasportynyň nusgasy we ýazgysy tassyklanyldy. Bu baradaky degişli Karara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 20-nji oktýabrda gol çekdi.

Türkmenistanda Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli festiwal geçiriler

Täzelikler

21.10.2023

Şu ýylyň 27-28-nji oktýabry aralygynda ýurdumyzyň welaýatlarynda hem-de Aşgabat we Arkadag şäherlerinde meşhur türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli «Mukama siňen ömür» atly festiwal geçiriler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşik yglan edildi

Täzelikler

21.10.2023

Ozal habar berşimiz ýaly, 20-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi.

Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Hökümet mejlisini geçirdi

Täzelikler

21.10.2023

20-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy, ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipeleri hem-de käbir beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň halk bagşysy Orazgeldi Ylýasowyň 90 ýyllygy mynasybetli dabara geçirildi

Täzelikler

20.10.2023

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň meýilnamasyna laýyklykda, Ahal welaýat medeniýet müdirliginiň we Bäherden etrap medeniýet bölüminiň, şeýle hem «Miras» teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda, 19-njy oktýabrda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Bäherden şäherindäki Medeniýet öýünde «Bagşyly il – bagtly il» ady bilen Türkmenistanyň halk bagşysy Orazgeldi Ylýasowyň 90 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly dabaraly çäre geçirildi. Dabaraly çärä dürli kärdäki we dürli ýaşdaky 500-den gowrak myhman gatnaşdy.

Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary tamamlandy

Täzelikler

20.10.2023

19-njy oktýabrda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary tamamlandy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.