HABARLAR


«Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň ikinji tapgyry geçirildi

Täzelikler

25.10.2023

Şu gün Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän «Türkmen alabaý itleri» hojalyk jemgyýetiniň döwrebap binalar toplumynda her ýyl geçirilmegi asylly däbe öwrülen «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň ikinji tapgyry geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň Türkiýe Respublikasyna resmi sapary başlandy

Täzelikler

25.10.2023

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Türkiýe Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

«Türkmen alabaýy — merdanalygyň nusgasy» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

Täzelikler

25.10.2023

Şu gün Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde yglan eden «Türkmen alabaýy — merdanalygyň nusgasy» atly bäsleşigiň ýeňijilerine sylaglamak dabarasy geçirildi.

Gahryman Arkadagymyz Kasym-Žomart Tokaýewi Gazagystanyň milli baýramy — Respublika güni bilen gutlady

Täzelikler

25.10.2023

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe hem-de ýurduň doganlyk halkyna milli baýram — Respublika güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Hormatly Prezidentimiz Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini ýurduň milli baýramy — Respublika güni bilen gutlady

Täzelikler

25.10.2023

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe hem-de ýurduň doganlyk halkyna milli baýram — Respublika güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Kompozitor Mämmet Guseýnow türkmen halkyna Nury Halmämmedowyň doglan güni mynasybetli gutlag iberdi

Täzelikler

24.10.2023

Mämmet Guseýnow türkmen halkyny Nury Halmämedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli gutlady.

Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli geçiriljek festiwalda nähili dabaralar bolar?

Täzelikler

24.10.2023

Ozal hem habar berşimiz ýaly, şu ýylyň 27-28-nji oktýabrynda ýurdumyzda görnükli türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli «Mukama siňen ömür» atly festiwal geçiriler.

Gahryman Arkadagymyz Antoniu Guterrişi BMG-niň güni bilen gutlady

Täzelikler

24.10.2023

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe BMG-niň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş sekretaryny gutlady

Täzelikler

24.10.2023

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe BMG-niň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Mary welaýatynda «Türkmen alabaýy» atly sergi guraldy

Täzelikler

23.10.2023

Türkmenistanda her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Türkmen alabaýy» atly sergi guraldy.