TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GERMANIÝA FEDERATIW RESPUBLIKASYNA UGRADY
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Germaniýa Federatiw Respublikasyna ugrady. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde Türkmenistanyň dünýäniň islendik gyzyklanma bildirýän ýurdy bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklarynyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär.