HABARLAR


WATANYŇ WE HALKYŇ ÖŇÜNDE BITIRILEN AÝRATYN HYZMATLAR ÜÇIN DÖWLET SYLAGLARY

Täzelikler

28.09.2023

Paýtagtymyzda Garaşsyz Türkmenistanyň durmuş­ykdysady taýdan ösdürilmegine, halkara abraýynyň belende göterilmegine uly şahsy goşant goşan halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň iň gowy işgärlerini, önümçiligiň öňdebaryjylaryny, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, olaryň düzümleýin guramalarynyň wekillerini, döredijilik işgärlerini, zähmet weteranlaryny sylaglamak dabarasy geçirildi.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ ASTRAHAN OBLASTYNYŇ GUBERNATORYNY KABUL ETDI

Täzelikler

28.09.2023

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkini kabul etdi. Russiýanyň iri sebitiniň ýolbaşçysy türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

Watanymyzyň we jemgyýetimiziň öňdebaryjylaryna döwlet sylaglary gowşuryldy

Täzelikler

25.09.2023

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň hormatly atlaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerini, edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

Garaşsyzlyk - parahatlyk binýady

Täzelikler

25.09.2023

Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 32 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli «Garaşsyzlyk-parahatlyk binýady» atly baýramçylyk sergisi guraldy. Bu sergide ýurdumyzyň suratkeşleriniň şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň saýlama eserleriniň 200-den gowragy sergilendi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi

Täzelikler

25.09.2023

Paýtagtymyzda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygynyň öňüsyrasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi.

MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 300 ÝYLLYGY MYNASYBETLI YLMY MAKALALAR ÝYGYNDYSY ÇAP EDILER

Täzelikler

22.09.2023

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ylmy makalalar ýygyndysy neşir edilmäge taýýarlanylýar.

TÜRKMEN SURATKEŞLERINIŇ BAÝRAMÇYLYK SERGISI

Täzelikler

21.09.2023

23-nji sentýabrda Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirliginiň şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde «Garaşsyzlyk – parahatlyk binýady» atly baýramçylyk sergisi geçiriler. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna bagyşlanyp guraljak sergide ýurdumyzyň ussat suratkeşleriniň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI C5+1 KÖPTARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYGYNYŇ BIRINJI DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY

Täzelikler

21.09.2023

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün günüň ikinji ýarymynda «C5+1» köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň birinji taryhy duşuşygyna gatnaşdy.

BALKAN WELAÝATYNYŇ MAGTYMGULY ETRABYNDA SURATKEŞLERIŇ DÖREDIJILIK SIMPOZIUMYNA BADALGA BERILDI

Täzelikler

20.09.2023

Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda suratkeşleriň arasynda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli «Pähim-paýhas ummany, Magtymguly Pyragy» atly döredijilik simpoziumyna badalga berildi. Bu barada Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň hünärmeni habar berdi.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞDY

Täzelikler

20.09.2023

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy.