HABARLAR


PARAHATÇYLYK, YNANYŞMAK WE NETIJELI HALKARA HYZMATDAŞLYK TÜRKMENISTANYŇ ILERI TUTÝAN UGURLARYDYR

Täzelikler

19.09.2023

Türkmenistan parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy pugtalandyrmaga, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge degişli sebit we halkara gün tertibindäki esasy meseleleriň deňeçer çözgütlerini işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň uzak möhletleýin geljegi hasaba almak bilen,

TÜRKMENISTAN – BMG: NETIJELI GATNAŞYKLARY ÖSDÜRMEGIŇ ÝOLUNDA

Täzelikler

18.09.2023

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.

Hormatly Prezidentimiz Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy

Täzelikler

15.09.2023

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygyna hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady.

WATANÇY ÝAŞLAR BILEN DUŞUŞYK

Täzelikler

14.09.2023

«Edebiýat we sungat» gazetiniň işgärleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň merkezi Serkerdeler öýünde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Harby gullukçylaryň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň jöwher zehininden dörän täze goşgynyň many-mazmuny, onuň dana Pyragynyň şygryýet dünýäsini öwrenmekdäki ähmiýeti barada gürrüň edildi.

«HATYRA» KITABYNYŇ TÄZE NEŞIRI

Täzelikler

14.09.2023

«Hatyra» kitabynyň IV jildiniň gaýtadan işlenen ikinji neşirinde 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan, şeýle hem dereksiz ýiten watandaşlarymyz hatyralanýar. Bu taryhy-resminamalaýyn kitap söweşjeň we durmuş edermenligi häzirki we geljekki nesiller üçin gaýduwsyzlygyň hem-de watançylygyň nusgasyna öwrülen türkmenistanly esgerlere bagyşlanýar.

OBASENAGAT TOPLUMYNYŇ ÖSDÜRILMEGI – AZYK BOLÇULYGYNYŇ MÖHÜM ŞERTI

Täzelikler

14.09.2023

Oba hojalygy pudagynyň yzygiderli ösdürilmegi hormatly Prezidentimiziň Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.

Çalsana, bagşy! bäsleşiginiň jemleýji tapgyry

Täzelikler

13.09.2023

Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Medeniýet ministrliginiň guramagynda «Çalsana, bagşy!» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Halk sazandalarynyň we bagşylarynyň döredijilik bäsleşigine 18-35 ýaş aralygyndaky türkmenistanlylaryň gatnaşmagy ýurdumyzda ýaşlar syýasatyna uly üns berilýändigine şaýatlyk edýär.

Türkmenistan eseri

Täzelikler

12.09.2023

Ýapon suratkeşi Miçio Kominäniň çeken «Türkmenistan» atly eseri Tokio şäherinde geçirilen 55-nji Halkara «Sin-Inten» sergisine gelenlerde uly gyzyklanma döretdi. Bu barada Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasy habar berýär.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANKT-PETERBURGYŇ GUBERNATORYNY KABUL ETDI

Täzelikler

12.09.2023

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory Aleksandr Beglowy kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edilendigi hem-de ýüzbe-ýüz duşuşykda hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň

Watanymyzyň buýsançly ösüşleri

Täzelikler

11.09.2023

Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Watanymyzyň durmuşynda gazanylýan üstünlikler has-da buýsandyrýar. Halkymyzyň agzybirligi we jebisligi, hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli özgertmeler syýasaty Türkmenistanyň depginli ösüşini üpjün edýär.