HABARLAR


Magtymguly Pyragynyň eserleriniň ylmy jemgyýetçilige mälim bolmadyk golýazmasy tapyldy

Täzelikler

02.12.2023

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň işgärleri Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde bolup, ýurduň golýazma hazynalarynda we kitaphanalarynda ylmy-gözleg işlerini geçirdiler.

Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, sungaty öwreniş ylymlarynyň doktory Çaryýar Jumaýew bilen döredijilik duşuşygy geçirildi

Täzelikler

02.12.2023

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kiçi zalynda, ýokary okuw mekdebiň uly mugallymy, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, sungaty öwreniş ylymlarynyň doktory, halypa Çaryýar Jumaýew bilen saz-söhbetli, döredijilikli duşuşygy geçirildi.

Gahryman Arkadagymyz Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady

Täzelikler

02.12.2023

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana, BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministri, goranmak ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktuma we BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýana, şeýle hem ýurduň halkyna Birleşen Arap Emirlikleriniň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Zambiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Täzelikler

02.12.2023

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Zambiýa Respublikasynyň Prezidenti Hakainde Hiçilema hem-de ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Zambiýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň 2-nji dekabrdaky sanynda habar berilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady

Täzelikler

02.12.2023

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana, BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministri, goranmak ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktuma we BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýana, şeýle hem ýurduň halkyna Birleşen Arap Emirlikleriniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

Täzelikler

01.12.2023

1-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Dubaýda geçirilýän «COP28» maslahatynyň çäklerinde BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji direktory, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Inger Andersen bilen duşuşdy. Duşuşykda Türkmenistanyň hem-de bu ýöriteleşdirilen düzümiň däp bolan netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardygy tassyklanyldy.

Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasyna goşuldy

Täzelikler

01.12.2023

Bu barada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Dubaýda dowam edýän BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynyň (COP28) plenar mejlisinde eden çykyşynda habar berdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşirinde habar berilýär.

Hormatly Prezidentimiz «COP-28» sammitinde çykyş etdi

Täzelikler

01.12.2023

Ozal habar berşimiz ýaly, 1-nji dekabrda Dubaýda ýylyň klimat bilen bagly iň iri çäresi — BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynyň plenar mejlisi (COP28) öz işine başlady. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem sammitde çykyş edip, ekologiýa we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek meseleleri boýunça milli derejede ileri tutulýan ugurlara dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekdi.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda gujurly ýaşlaryň döredijilik sergisi geçirildi

Täzelikler

01.12.2023

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda bu ýokary okuw mekdebiň uçurymlarynyň we talyp ýaşlarynyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň gujurly ýaşlary — 2023» atly döredijilik sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi.

Gyrgyzystanda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «tegelek stol» guraldy

Täzelikler

01.12.2023

J.Balasagyn adyndaky Gyrgyzystanyň milli uniwersitetinde Türkmenistanyň Gyrgyzystandaky (Bişkek ş.) ilçihanasy tarapyndan Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «tegelek stol» guraldy.