HABARLAR


Dubaýda Bütindünýä howa Sammitiniň açylyş dabarasy boldy

Täzelikler

01.12.2023

Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary amala aşyrýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Dubaýda geçirilen Bütindünýä howa forumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň taraplarynyň nobatdaky 28-nji mejlisine (COP28) gatnaşmak üçin Dubaýa bardy

Täzelikler

01.12.2023

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň taraplarynyň nobatdaky 28-nji mejlisine (COP28) gatnaşmak üçin iş sapary bilen Dubaýa ugrady.

Şu ýylyň 5-nji dekabrynda ýurdumyzda baýramçylyk söwdalary başlanar

Täzelikler

30.11.2023

Halkara Bitaraplyk güni we Täze ýyl baýramy mynasybetli, ilatyň dürli görnüşli önümlere bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, paýtagtymyz Aşgabatda, Arkadag şäherinde we welaýatlarda şu ýylyň 5-nji dekabryndan başlap baýramçylyk söwdasyny guramak, şeýle hem meýilleşdirilen çäreleriň çäklerinde söwda we beýleki hyzmatlary hödürlemek boýunça Türkmenistanyň söwda toplumy tarapyndan degişli çäreler görülýär.

Türkmenistanda «Asyrlaryň yzlary» atly halkara ylmy ýygyndy neşir ediler

Täzelikler

30.11.2023

Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerinde geçirilen ylmy barlaglaryň dowamynda soňky ýyllarda toplanan maglumatlary dünýäniň ylmy jemgyýetçiligine giňden tanatmak maksady bilen, Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň garamagyndaky taryhy-medeni döwlet goraghanalarynyň öz serişdeleriniň hasabyna, türkmen, iňlis we rus dillerinde «Asyrlaryň yzlary» atly halkara ylmy ýygyndyny neşir etmek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Prezidenti 1-2-nji dekabrda BAE-de iş saparynda bolar

Täzelikler

30.11.2023

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyna gatnaşmak üçin, 1-2-nji dekabrda Birleşen Arap Emirliklerine iş saparyny amala aşyrar. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, 30-njy noýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow döwlet Baştutanymyzyň bu iş saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Şu ýylyň ahyrynda Ýaşlaryň dabaraly maslahaty we sergisi geçiriler

Täzelikler

30.11.2023

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi.

Hormatly Prezidentimiz nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi

Täzelikler

30.11.2023

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Ýurdumyzyň döredijilik işgärleri Garagum sährasyna gezelenç etdiler

Täzelikler

30.11.2023

Ýakynda Türkmenistanyň Medeniýet, Daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň, şeýle-de Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň medeniýet hem-de sungat, döredijilik işgärleriniň, daşky gurşawy goramak gullugynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda «Garagum sährasynyň gözelliginiň waspy» atly döredijilik gezelenji guraldy.

Türkmenistanyň halk suratkeşi Işanguly Işangulyýew «Hytaý we Merkezi Aziýa» atly ýagly reňkli nakgaş eserleriniň halkara sergisine gatnaşdy

Täzelikler

30.11.2023

Şu ýylyň 17-25-nji noýabry aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Szýuan welaýatynyň merkezinde «Hytaý we Merkezi Aziýa» atly ýagly reňkli nakgaş eserleriniň halkara sergisi guraldy.

Pakistanda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi

Täzelikler

30.11.2023

Pakistan Yslam Respublikasynda beýik türkmen şahyrynyň doglan gününiň 2024-nji ýylda giňden belleniljek 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly Pyragy we häzirki zaman dünýäsindäki halklaryň dostlugy» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.