KITAP KALBYŇ AÇARY
Kitaphanalar
07.02.2025Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda «Türkmenistan» teleýaýlymy bilen bilelikde «Kitap kalbyň açary» atly söhbetdeşlik geçirdi. Häzirki ajaýyp döwrümizde täze edebiýatlaryň yzygiderli neşir edilip okyjylar köpçüligine ýetirilýän eserleriň ähmiýeti we ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhynda terbiýelemeklikde «Görogly» şa dessanynyň tutýan orny hem onda beýan edilýän wakalar barada gyzykly gürrüňler aýdyldy.