«GALKYNYŞ»-HALKYMYZYŇ BUÝSANJY
Ahal welaýat kitaphanasynyň «Hyzmat etmek» bölümi tarapyndan kitaphananyň kitap gaznasyna täze gelip gowuşan neşirlere kitap syny geçirildi. Welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň hünärmenleriniň we kitaphanaçylaryň gatnaşmagynda geçirilen bu çärede çykyş eden kitaphanaçy hünärmenleri täze çap edilen kitaplar ilatyň maglumata, medeni we bilim hajatlaryna, syýasy we ylmy habarlara, çeperçilik we edebi gymmatlyklara, kitaphana hyzmatyna bolan isleglerini kanagatlandyrmaga, ýurdumyzyň gündelik durmuşynda bolup geçýän syýasy wakalary, döwletimiziň halkara derejesindäki belent abraýyny, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýöredýän parahatsöýüjilikli syýasatyny, ähli ulgamlarda bolup geçýän özgerişleri, öňegidişlikleri wagyz etmeklige we kitap gaznasynyň mazmunyny açyp görkezmeklige, çagalary we ýaşlary Watançylyk, gahrymançylyk, edermenlik ruhunda terbiýelemäge, olaryň edepli, ekramly, bilimli-ylymly bolup ýetişmeklerine ýardam edýär diýip belläp geçdiler.
Kitap synynda çykyş edenler täze neşirleriň gelip gowuşmagy okyjylarda uly gyzyklanma döretmegi bilen bu kitaplaryň Bitewi elektron kitaphana ulgamynyň (BEKU) elektron katalogyna ýüklenilmegi okyjylaryň sanly ulgam arkaly maglumat almaga giň mümkinçiligi hem döredýändigini bellediler.