HABARLAR


Türkmen milli konserwatoriýasynda Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen aýdymlaryň konserti geçirildi

Konsertler

11.12.2023

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň aýdym-saz bölüminiň gurnamagynda ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça komitetiniň ugurdaş çäresi hökmünde Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döredilen aýdymlaryň konserti geçirildi.

«Bitaraplyk — bagtyýarlygyň gözbaşy» atly söhbetdeşlik geçirildi

Kitaphanalar

11.12.2023

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gypjak kitaphana şahamçasy hem-de Gypjak, Ýasmansalyk medeniýet öýleriniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň «Watan mukaddesligi» muzeýinde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli «Bitaraplyk — bagtyýarlygyň gözbaşy» atly söhbetdeşlik geçirildi.

Türki dünýäniň paýtagty Şuşadan Änew şäherine geçirildi

Halkara medeni gatnaşyklary

11.12.2023

10-njy dekabrda Azerbaýjan Respublikasynyň Şuşa şäherinde Azerbaýjanyň Medeniýet ministrligi we TÜRKSOÝ tarapyndan bilelikde guralan «Türki dünýäniň medeni paýtagty — 2023» ýylyň resmi ýapylyş dabarasy boldy. Onda 2024-nji ýylda Türki dünýäniň paýtagty Şuşadan Türkmenistanyň Änew şäherine geçirildi.

Türkmen artistleri «Aýtmatow we teatr» atly VI halkara teatr festiwalynda çykyş etdiler

Teatr we kino dünýäsi

10.12.2023

Ozal habar berşimiz ýaly, şu ýylyň 7 — 12-nji dekabry aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde Çingiz Aýtmatowyň doglan gününiň 95 ýyllygy mynasybetli «Aýtmatow we teatr» atly VI halkara teatr festiwal geçirilýär. Bu festiwalda ýurdumyzyň adyndan Lebap welaýatynyň S.Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik topary wekilçilik edýär.

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň gujurly ýaşlary — 2023» sergi boýunça söhbetdeşlik geçirildi

Täzelikler

10.12.2023

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda Halkara Bitaraplyk güni hem-de Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp açylan «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň gujurly ýaşlary — 2023» atly sergi boýunça söhbetdeşlik geçirildi.

Moskwada «Tükmenistanyň medeniýet günleri» geçiriler

Täzelikler

10.12.2023

Şu ýylyň 12-nji dekabrynda Moskwanyň Milletler öýünde «Tükmenistanyň medeniýet günleri» geçiriler. Onuň çäklerinde Türkmenistanyň Bitaraplyk güni mynasybetli dabaralara uly orun berler.

«Bitaraplyk ýoly - dünýä nusga göreldämiz» atly sergi geçirildi

Muzeýler

10.12.2023

Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Bitaraplyk ýoly - dünýä nusga göreldämiz» atly sergi gurnaldy.

«Bitaraplyk ýörelgämiz — dünýä nusga göreldämiz» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi

Kitaphanalar

10.12.2023

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasy, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň bilelikde guramagynda Halkara Bitaraplygymyzyň 28 ýyllygy mynasybetli «Bitaraplyk ýörelgämiz — dünýä nusga göreldämiz» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Aşgabatda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli simfoniki orkestriň konserti geçirildi

Konsertler

10.12.2023

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllygy, şeýle-de Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň halk artisti Aşyr Hojatowyň ýolbaşçylyk edýän Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň simfoniki orkestriniň konserti geçirildi.

Türkmen talyby R.M.Glier adyndaky VII Halkara saz bäsleşiginde birinji derejeli diploma mynasyp boldy

Halkara medeni gatnaşyklary

10.12.2023

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň saz gurallary kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby Annaoraz Döwletow R.M.Glier adyndaky VII Halkara saz bäsleşiginde wiolonçel hünäri boýunça 20-25 ýaş aralygyndaky kategoriýada birinji derejeli diploma mynasyp bolmagy başardy.