HABARLAR


Aşgabatda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi

Täzelikler

12.12.2023

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 28 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi.

Ildeşlerimiz «Aýtmatow we teatr» atly VI halkara teatr festiwalynda ýörite baýraklara mynasyp boldular

Teatr we kino dünýäsi

12.12.2023

Ozal habar berşimiz ýaly, şu ýylyň 7 — 12-nji dekabry aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde «Aýtmatow we teatr» atly VI halkara teatr festiwaly geçirildi.

Aşgabatda «Gar harasaty» atly täze sahna eseri görkezildi

Teatr we kino dünýäsi

12.12.2023

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynda «Gar harasaty» atly sahna eseriniň ilkinji görkezilişi boldy. Türk dramaturgy Tünjer Jüjenoglunyň pýesasy esasynda Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Eziz Işangulyýewiň režissýorlyk etmeginde sahnalaşdyrylan täze oýun tomaşaçylaryň göwnünden turmagy başardy.

«Kamerata Aşgabat» toparynyň konserti geçirildi

Konsertler

12.12.2023

Aşgabat şäherindäki «Watan» kinokonsert merkezinde «Kamerata Aşgabat» toparynyň «Gyşyň ýyly aýdym-sazlary» atly konserti geçirildi. Toparyň sazandalary tomaşaçylara senenama laýyklykda, gyşyň gelendigini ýatlatdy we köp sanly muşdaklaryny öňümizdäki sowuk howada goldamak üçin «Watan» kinokonsert merkezinde konsert berdi.

Hormatly Prezidentimiz Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

Täzelikler

12.12.2023

Şu gün Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni bellenilýär. Bu sene mynasybetli ir bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň parahatçylyk, döredijilik we hoşniýetlilik taglymlaryna üýtgewsiz ygrarlylygynyň nyşany bolan Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimiz türkmen halkyny Bitaraplyk baýramy bilen gutlady

Täzelikler

12.12.2023

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bagtyýar türkmen halkyny ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllyk baýramy bilen gutlady. Gutlagda şeýle diýilýär:

«Ýylyň parlak ýyldyzy — 2023» bäsleşiginde haýsy aýdymçy ýeňiji bolar?!

Täzelikler

11.12.2023

Ozal habar berşimiz ýaly, 15-nji dekabrda Arkadag şäher Söwda toplumynyň «Arzuw» toý mekanynda «Ýylyň parlak ýyldyzy — 2023» bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçiriler.

«Bitaraplyk – parahatçylygyň ygtybarly kepilidir» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Kitaphanalar

11.12.2023

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllygy mynasybetli «Bitaraplyk – parahatçylygyň ygtybarly kepilidir» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

«Bitaraplyk abadan durmuşyň gözbaşy» atly söhbetdeşlik geçirildi

Kitaphanalar

11.12.2023

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmen döwlet medeniýet institutynyň bilelikde guramagynda Halkara Bitaraplygymyzyň 28 ýyllygy mynasybetli «Bitaraplyk abadan durmuşyň gözbaşy» atly söhbetdeşlik geçirildi.

Keýik Artykowanyň ýekelikdäki konserti geçirildi

Konsertler

11.12.2023

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň zalynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň saz mugallymy kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby Keýik Artykowanyň ýekelikdäki konserti geçirildi.