HABARLAR


Nýu-Delide Magtymguly Pyragynyň hindi dilinde goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Halkara medeni gatnaşyklary

05.12.2023

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 23-nji dekabrynda çykaran Karary bilen tassyklanan Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Hindistandaky ilçihanasynda Gündogaryň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň hindi dilinde goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyşy geçirildi.

Türkmen artistleri «Aýtmatow we teatr» atly VI halkara teatr festiwalyna gatnaşar

Teatr we kino dünýäsi

05.12.2023

Gyrgyz Respublikasynyň halk ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň doglan gününiň 95 ýyllygy mynasybetli 2023-nji ýylyň 7 — 12-nji dekabry aralygynda Bişkek şäherinde «Aýtmatow we teatr» atly VI halkara teatr festiwaly geçiriler. Bu halkara festiwala türkmen artistleri hem gatnaşar.

Türkmenistanda geljek hepde howanyň sowamagyna garaşylýar

Täzelikler

04.12.2023

Geljek hepde Türkmenistanyň paýtagtynda gyşyň ilkinji garynyň ýagmagyna we 0 gradusdan pes temperaturanyň bolmagyna garaşylýar. Muny «Gismeteo», «The Weather Channel» we «Яндекс Погода» ýaly hyzmatlaryň çaklamalary görkezýär.

Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Syýahatçylyk

04.12.2023

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlary Türkiýede we Fransiýada iş saparynda bolarlar

Halkara medeni gatnaşyklary

04.12.2023

Türki halklaryň medeniýeti halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň 8 — 18-nji dekabry aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherinde hem-de Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde konsertler geçiriler.

Wita Timermanyň ýolbaşçylygyndaky çagalar hor konserti geçirildi

Halkara medeni gatnaşyklary

04.12.2023

3-nji dekabrda Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda Wita Timermanyň ýolbaşçylygynda Mollanepes adyndaky Mary welaýat çeperçilik mekdebiniň çagalar hory tarapyndan ajaýyp saz eserleriniň konserti geçirildi.

Gyrgyz Respublikasynda Magtymguly Pyraga bagyşlanan halkara ylmy maslahat geçirildi

Täzelikler

04.12.2023

Gyrgyz-Türk Manas uniwersitetinde Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň adamzadyň ruhy-medeni gymmatlyklaryndaky ähmiýeti» atly halkara ylmy maslahat guraldy.

Mukamlar köşgünde Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli konsert geçiriler

Konsertler

04.12.2023

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň Täze ýyl baýramy mynasybetli taýýarlan baýramçylyk konserti geçiriler.

Arkadag şäherinde «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçiriler

Täzelikler

04.12.2023

2023-nji ýylyň 15-nji dekabrynda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Medeniýet ministrliginiň hem-de Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde ýurdumyzyň ýaş estrada aýdymçy ýaşlarynyň arasynda geçirilýän «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçiriler.

Medeniýet we sungat ussatlary baýramçylyk konserti bilen Balkan welaýatynda çykyş ederler

Konsertler

04.12.2023

Türkmenistanyň halk artisti Gülşat Gurdowa, Türkmenistanyň at gazanan artisti Begmyrat Annamyradow, şeýle-de aýdymçylar Durdy Durdyýew bilen Arslan Gulmämmedow dagy Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda baýramçylyk konserti bilen çykyş ederler.