HABARLAR


Täze ýyl mynasybetli Ahal welaýatynda baýramçylyk konserti geçiriler

Konsertler

04.12.2023

2023-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti geçiriler.

Şahyr zenan Gülşirin Hanowa bilen döredijilik söhbetdeşligi geçirildi

Täzelikler

04.12.2023

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň muzeýinde zehinli şahyr zenan, Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň birnäçe gezek ýeňijisi Gülşirin Hanowa bilen erkin döredijilik duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanda «Magtymguly Pyragy» portaly döredildi

Täzelikler

03.12.2023

Türkmenistanda «Magtymguly Pyragy» portaly döredildi. Bu portalyň döredilmegi Gündogaryň beýik akyldarynyň we nusgawy şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň çägindäki çäreleriň meýilnamasynda esasy wezipeleriniň biri hökmünde kesgitlenýär.

Hormatly Prezidentimiz Dubaýda BAE-niň wise-prezidenti bilen duşuşdy

Täzelikler

03.12.2023

Dubaýda COP-28 Bütindünýä howa maslahatyna gatnaşýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2-nji dekabrda BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň jemleri bilen bagly, ýaşlaryň baýramçylyk konserti guralar

Täzelikler

03.12.2023

Ozal habar berşimiz ýaly, 2-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, saparynyň barşynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyryklaryna laýyklykda, ýaşlar ýylynyň jemlerini jemlemek, ähli ulgamlarda öz hünär ugurlary boýunça göreldeli zähmet çekip, ýurduň ösüşlerine mynasyp goşandyny goşýan, halkara bäsleşiklerde, sport ýaryşlarynda baýrakly orunlary eýeläp, Watanyň at-abraýyny belende galdyrýan ýaşlary sylaglamak babatda öňde durýan möhüm wezipeler bilen bagly iş maslahatyny geçirdi.

Gahryman Arkadagymyz Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyrdy

Täzelikler

03.12.2023

2-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyrdy.

Aman Gulmämmedowyň doglan gününiň 115 ýyllygy mynasybetli söhbetdeşlik geçirildi

Kitaphanalar

02.12.2023

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň guramagynda Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň halk artisti Aman Gulmämmedowyň doglan gününiň 115 ýyllygyna bagyşlap «Sahna we durmuş» atly söhbetdeşlik geçirildi.

Döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

Täzelikler

02.12.2023

Golaýda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasynyň Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde yglan eden «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri: türkmen obasynyň täze keşbi» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

Şuşada türki dünýäsiniň medeni syýahatçylygynyň geljegine bagyşlanan halkara maslahat geçirilýär

Syýahatçylyk

02.12.2023

Azerbaýjanyň Şuşa şäherinde türki dünýäsiniň medeni syýahatçylygynyň geljegine bagyşlanan halkara ylmy maslahat geçirilýär. Oňa Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşýar diýip, «Report.az» habar berýär.

Magtymguly Pyragynyň eserleriniň ylmy jemgyýetçilige mälim bolmadyk golýazmasy tapyldy

Täzelikler

02.12.2023

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň işgärleri Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde bolup, ýurduň golýazma hazynalarynda we kitaphanalarynda ylmy-gözleg işlerini geçirdiler.