«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň ýeňijileri «Konserwatoriýanyň zehinli ýaşlary» atly saz festiwalynda çykyş etdiler
Konsertler
24.11.2023Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda noýabr aýynyň çäginde «Konserwatoriýanyň zehinli ýaşlary” atly saz festiwaly geçirildi. Festiwalyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrunda geçirilýän bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşiginiň ýeňijileriniň konserti guraldy. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk sazy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Merdan Baýramgeldiýew hem-de şol fakultetiň bagşy hünäriniň 4-nji ýyl talyby Göwher Tuhyýewanyň bilelikdäki konserti geçirildi.