Azerbaýjanda «Magtymguly Pyragy. Saýlanan eserler» atly täze kitabyň tanyşdyrylyşy boldy
Täzelikler
23.11.2023Ozal habar berşimiz ýaly, şu ýylyň 17-nji noýabrynda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde Gündogaryň nusgawy şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli halkara ylmy maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky ilçihanasynyň, Azerbaýjanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň Nyzamy Genjewi adyndaky Edebiýat institutynyň we Muhammet Fizuly adyndaky Golýazmalar institutynyň bilelikde guramagynda geçirilen bu maslahata ýurdumyzdan hem wekiliýet gatnaşdy.