HABARLAR


Halkara ýaşlar forumyna gatnaşyjy ýurtlaryň medeniýet we sungat ussatlarynyň festiwaly hem-de forumyň ýapylyş dabarasy boldy

Täzelikler

18.11.2023

Gadymy Mary topragynda 16-njy noýabrda badalga alan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumynyň jemleýji gününde, ýagny şu gün — 18-nji noýabrda günüň ikinji ýarymynda foruma gatnaşyjy ýurtlaryň ýaşlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň festiwaly hem-de forumyň ýapylyş dabarasy geçirildi.

Halkara ýaşlar forumyna gatnaşyjylar Gadymy Merwiň taryhy-medeni ýadygärliklerine aýlanyp gördüler

Täzelikler

18.11.2023

Ozal habar berlişi ýaly, öňňin Mary welaýatynyň Mary şäherinde «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» ady bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň forumy öz işine başlady. Bu forumyň jemleýji gününde — şu gün foruma gatnaşýan wekiliýet agzalary we köp sanly myhmanlar Gadymy Merwiň taryhy-medeni ýadygärliklerine aýlanyp gördüler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň gurluşy tassyklandy

Täzelikler

18.11.2023

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň gurluşy, şeýle hem akademiýa okuwa kabul etmegiň tertibi tassyklanyldy.

Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy geçirildi

Halkara medeni gatnaşyklary

18.11.2023

Şu gün Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungat muzeýinde ýurdumyzda 18 — 20-nji noýabr aralygynda geçirilýän Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň we ebru sungatynyň eserleriniň sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi.

Türkmenistan 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça Hökümetara komitetiniň agzalygyna saýlandy

Täzelikler

18.11.2023

Türkmenistana Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO-nyň) ştab-kwartirasyndan hoş habar gelip gowuşdy. Ýagny Türkmenistan 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça Hökümetara komitetiniň (CIGEPS) agzalygyna biragyzdan saýlanyldy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada 17-nji noýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň hasabatynda aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Hökümetiň nobatdaky mejlisini geçirdi

Täzelikler

18.11.2023

17-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bakuda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli halkara ylmy maslahat geçirildi

Täzelikler

18.11.2023

17-nji noýabrda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde Gündogaryň nusgawy şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli halkara ylmy maslahat geçirildi.

Türkmenistanda öňdebaryjy ýaşlaryň 140-syna Ýaşlar baýragy gowşuryldy

Täzelikler

17.11.2023

Şu gün — 17-nji noýabrda Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen gününe gabatlanyp, ýurdumyzyň işjeň ýaşlaryny sarpalamak, olara Ýaşlar baýragyny gowşurmak dabarasy geçirildi.

«Zehin güzerini boýlan halypa» atly döredijilik duşuşygy geçirildi

Kitaphanalar

17.11.2023

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmenleri halypa şahyr, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýewiň doglan gününiň 75 ýyllygyna bagyşlap «Zehin güzerini boýlan halypa» ady bilen döredijilik duşuşygyny geçirdi.

«Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumyň çäklerinde işewürlik ertirligi we akwarium görnüşindäki maslahat geçirildi

Täzelikler

17.11.2023

Şu gün Mary welaýatynyň Mary şäherinde geçirilýän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumynyň çäklerinde işewürlik ertirligi we akwarium görnüşindäki maslahat geçirildi.