HABARLAR


«Magtymguly Pyragy – ynsan kalbynyň öçmejek nury» ady bilen göçme kitap sergisi geçirildi

Kitaphanalar

17.11.2023

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Magtymguly Pyragy – ynsan kalbynyň öçmejek nury» ady bilen göçme kitap sergisi geçirildi.

«Magtymguly Pyragy – berkararlyk şygary» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy

Kitaphanalar

17.11.2023

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň gurnamagynda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyplary bilen akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlary we ol şygyrlaryň many-mazmunyny talyp ýaşlara giňişleýin ýetirmek maksady bilen «Magtymguly Pyragy – berkararlyk şygary» ady bilen göçme kitap sergisi guraldy.

Hormatly Prezidentimiz ýakyn geljekde Arkadag şäherinde döwrebap oba hojalyk şäherçesiniň dörejekdigi barada aýtdy

Täzelikler

16.11.2023

Ozal habar berşimiz ýaly, 16-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň we ylmy-barlag institutlarynyň täze binalar toplumynyň taýýarlanylan taslamalary bilen tanyşdy.

Arkadag şäherinde Oba hojalyk uniwersitetiniň täze binalary gurlar

Täzelikler

16.11.2023

Ozal habar berşimiz ýaly, 16-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy we bu ýerde Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, ylmy-barlag institutlarynyň täze binalar toplumynyň taýýarlanylan taslamalary bilen tanşyp, degişli ýolbaşçylar bilen iş maslahatyny geçirdi.

Hormatly Prezidentimiz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Täzelikler

16.11.2023

16-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

«Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwalyň ýapylyş dabarasy geçirildi

Halkara medeni gatnaşyklary

16.11.2023

Şu gün Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynda Aşgabat hem-de Arkadag şäherlerinde 14 — 16-njy noýabr aralygynda geçirilen «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwalyň ýapylyş dabarasy geçirildi.

Halkara festiwala gatnaşan myhmanlar Aşgabada gezelenç etdiler

Halkara medeni gatnaşyklary

16.11.2023

Şu gün ýurdumyzda geçirilen «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly halkara festiwalyň jemleýji dabaralary geçirildi. Günüň birinji ýarymynda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynda «Magtymguly — köňül guşy» atly sahna oýny görkezildi. Biz bu barada saýtymyzda habar beripdik.

«Magtymguly Pyragy – dünýäň beýik danasy» atly söhbetdeşlik geçirildi

Kitaphanalar

16.11.2023

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Demokratik partýasynyň bilelikde gurnamagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlap «Magtymguly Pyragy – dünýäň beýik danasy» atly söhbetdeşlik geçirildi.

Türkmenistan we Gazagystan KHBS ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeldýär

Täzelikler

16.11.2023

Astana şäherinde Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçisi Batyr Rejepow bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Teleradiotoplumynyň Baş direktory Rauşan Kajibaýew bilen duşuşdy.

Aşgabatda Türkmenistan bilen Koreýanyň dostlugyna bagyşlanan medeni çäre geçirildi

Halkara medeni gatnaşyklary

16.11.2023

Aşgabatda Koreý dilini öwrenmek boýunça Patyşa Sejong adyndaky bilim merkezinde türkmen-koreý medeniýetiniň baýramy geçirildi.