HABARLAR


«Joşgun» Moskwadaky VII «Dutaryň sesi» halkara sungat festiwalynda üstünlikli çykyş etdi

Täzelikler

08.11.2023

Bu ýyl Moskwadaky VII «Dutaryň sesi» halkara sungat festiwaly meşhur türkmen kompozitorynyň 85 ýyllyk dabarasynyň çäginde geçirildi. Çagalar kapellasy topary «Joşgun» Nury Halmämmedowyň adyny göterýän «Dutar sesi» halkara sungat festiwalynda çykyş etdi. Bu ýerde iň meşhur sazlar we aýdymlar ýerine ýetirildi.

«Söz äleminiň şasy» ady bilen göçme kitap sergisi guraldy

Kitaphanalar

08.11.2023

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy bilen Syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Söz äleminiň şasy» ady bilen göçme kitap sergisi guraldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Azerbaýjan Türkmenistanda geçiriljek halkara festiwalda «Edelweýs ýa-da sen mydama meniň ýanymda» atly sahna eseri bilen çykyş eder

Halkara medeni gatnaşyklary

08.11.2023

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Aşgabat hem-de Arkadag şäherlerinde 14 — 16-njy noýabr aralygynda «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwal geçiriler. Bu festiwala Azerbaýjan Respublikasynyň Şuşa Döwlet sazly-drama teatrynyň döredijilik topary hem gatnaşar.

Türkmenistanda geçiriljek halkara teatr festiwalynda «Magtymguly – köňül guşy» atly sahna eseri görkeziler

Teatr we kino dünýäsi

07.11.2023

Ozal hem habar berşimiz ýaly, şu ýylyň 14 — 16-njy noýabrynda ýurdumyzda «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara teatr festiwaly geçiriler. Oňa dünýäniň birnäçe ýurdundan teatrlaryň döredijilik toparlary gatnaşar.

9-njy dekabrda «Kamerata Aşgabat» döredijilik toparynyň konserti geçiriler

Konsertler

07.11.2023

«Kamerata Aşgabat» döredijilik topary Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny «Gyşyň ýyly aýdym-sazlary» atly konserte çagyrýar.

Çynar Rustemowa Parižde geçirilen ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Milli komissiýalaryň 10-njy sebitara ýygnagyna gatnaşdy

Täzelikler

07.11.2023

6-njy noýabrda ÝUNESKO-nyň Pariždäki ştab-kwartirasynda bu guramanyň işleri boýunça Milli komissiýalaryň 10-njy sebitara ýygnagy geçirildi. Oňa türkmen tarapyndan Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rustemowa wekilçilik etdi.

Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň eserlerinden sergi guraldy

Kitaphanalar

07.11.2023

Daşoguz welaýat kitaphanasynda «Şahyr ýüregi seslenende» ady bilen ajaýyp döwrümiziň waspçysy, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi, Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň eserlerinden taýýarlanan sergi guraldy.

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň artistleri Mary welaýatynda döredijilik saparynda bolýarlar

Teatr we kino dünýäsi

07.11.2023

Şu ýylyň 6-12-nji noýabry aralygynda Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň artistleri Mary şäherinde we welaýatyň Ýolöten, Türkmengala, Baýramaly, Wekilbazar, Murgap etraplarynda döredijilik saparda bolýarlar.

«Okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek sungat-pedagogik işgärleriniň mukaddes borjudyr» atly okuw-usulyýet maslahaty geçirildi

Täzelikler

07.11.2023

Ýakynda Ahal welaýat ýörite sungat mekdebinde Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, ýurdumyzyň Balkan, Lebap, Mary, Daşoguz ýörite sazçylyk we sungat mekdepleriniň «Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary» bölümi boýunça ders berýän mugallymlar üçin «Okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek sungat-pedagogik işgärleriniň mukaddes borjudyr» atly okuw-usulyýet maslahaty geçirildi.

11-nji noýabrda «Ýaşlar» atly gysga göwrümli çeper filmiň ilkinji görkezilişi bolar

Teatr we kino dünýäsi

07.11.2023

11-nji noýabrda paýtagtymyzdaky «Aşgabat» kinoteatrynda kinorežissýor Isgendermuhammet Annamuhammedowyň režissýorlyk etmeginde surata düşürilen «Ýaşlar» atly gysga göwrümli çeper filmiň ilkinji görkezilişi bolar.