HABARLAR


Aşgabatda Amanmyrat Modyýewiň «40 ädim» atly şahsy sergisi geçiriler

Täzelikler

07.11.2023

Şu ýylyň 10-njy noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda häzirki wagta çenli döredýän döwrebap eserleri bilen giňden tanalýan zehinli suratkeşleriň biri, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň binagärlik we dizaýn fakultetiniň dizaýn kafedrasynyň ussat mugallymy, Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi Amanmyrat Modyýewiň «40 ädim» atly şahsy ýubileý sergisi açylar.

2023-nji ýylyň geçen 10 aýynda Ahal welaýatyndaky kitaphanalara 105 müňden gowrak okyjy ýazyldy

Kitaphanalar

07.11.2023

2023-nji ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda Ahal welaýatynyň çägindäki kitaphanalara ýazylan okyjylar 8 müň 500-den geçip, hasapda duran okyjylaryň umumy sany 105 müň 250-ä golaýlady.

Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Täzelikler

07.11.2023

6-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Ýaş estrada aýdymçylaryň we höwesjeň aýdymçy ýaşlarynyň arasynda «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşigi yglan edildi

Täzelikler

07.11.2023

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde ýurdumyzyň ýaş estrada aýdymçylarynyň we höwesjeň aýdymçy ýaşlarynyň arasynda geçirýän «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşigi yglan edildi.

Türkmen alymlary Magtymguly hakda täze maglumatlary gözleýärler

Täzelikler

06.11.2023

Magtymguly Pyragynyň we beýleki türkmen nusgawy şahyrlarynyň ömri hem döredijiligi, türkmen halkynyň taryhy we edebiýaty barada täze taryhy maglumatlary tapmak üçin Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlary Täjigistana iş sapary amala aşyrarlar.

Hormatly Prezidentimiz gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününi bellemek hakyndaky Permana gol çekdi

Täzelikler

06.11.2023

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 4-nji noýabrda «Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününi bellemek hakynda» Permana gol çekdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry halkara festiwalyň ýörite Diplomyna mynasyp boldy

Halkara medeni gatnaşyklary

06.11.2023

Ozal hem habar berşimiz ýaly, şu ýylyň 1 — 4-nji noýabry aralygynda Azerbaýjanyň Baku şäherinde TÜRKSOÝ-yň I halkara teatr festiwaly geçirildi. Bu halkara teatr festiwalynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň döredijilik topary «Leýli — Mejnun» dessany esasynda Gowşutgeldi Daňatarowyň pýesasy boýunça sahnalaşdyrylan «Söýgi we hasrat» atly oýun bilen çykyş etdiler.

Aşgabatda häzirki zaman koreý sazlarynyň konserti geçirildi

Halkara medeni gatnaşyklary

06.11.2023

4-nji noýabrda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda häzirki zaman koreý sazlarynyň konserti boldy. Bu çäre Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň dostlukly halklaryň özara gatnaşyklaryny pugtalandyrmagy, milli gymmatlyklary

Gülnabat Abdullaýewa halkara teatr festiwalynyň «Iň gowy zenan keşbi üçin» baýragyna mynasyp boldy

Täzelikler

05.11.2023

Ozal hem habar berşimiz ýaly, şu ýylyň 1 — 4-nji noýabry aralygynda Azerbaýjanyň Baku şäherinde TÜRKSOÝ-yň I halkara teatr festiwaly geçirildi. Bu festiwalda Türkmenistanyň adyndan Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň döredijilik topary çykyş etdi.

Meşhur gitaraçy Dawid Ýurpo Türkmen milli konserwatoriýasyna baryp gördi

Täzelikler

05.11.2023

Meşhur gitaraçy, dirižýor, Makon şäheriniň (Fransiýa) simfoniki orkestriniň ýolbaşçysy Dawid Ýurpo Aşgabada saparynyň çäklerinde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyna baryp gördi.